Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Lebapda gaz hasaplaýjy gurallarynyň guratlygyny barlatjak adamlara indiki ýyla nobat berilýär


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Şu günler Lebap welaýatynyň Darganata we Gazojak etraplarynyň ýaşaýjylaryndan özleriniň gaz hasaplaýjy gurallaryny “Türkmenstandartlary” baş döwlet gullugyna barlatmak we hilini tassyklatmak talap edilýär.

Ýöne Azatlyk Radiosynyň bu barada habar berýän lebaply habarçysy bu işiň gün-günden kynlaşýandygyny aýdyp, “Türkmenstandartlarynyň” ýerli edarasynda hasaplaýjy gurallaryň guratlygyny barlatmak üçin indiki ýyla nobat berilýändigini belleýär.

““Türkmenstandartlarynyň” beren žetonlarynda adamlaryň nobatynyň 2021-nji ýylyň iýul aýynda ýetýändigi görkezilýär. Etraplaryň gaz edaralary bu wagta çenli hasaplaýjy guraly bolmazdan gaz ulanjak hojalyklaryň her birinden, ýaşaýan jaýynyň kwadrat metrine görä, her aýda 60 manatdan 200 manada çenli töleg tölemegi talap edýärler. Olar diňe bu tölegi tölän ýaşaýjylaryň tebigy gazdan peýdalanyp biljekdigini aýdýarlar” diýip, gizlinlik şertinde söhbetdeş bolan habarçymyz 17-nji sentýabrda gürrüň berdi.

Şeýle-de, ol gaz edaralaryň hasaplaýjy gurallary bolmazdan gazdan peýdalanjak ýyladyşhanalardan we kärhanalardan her aýda 1000 manada çenli töleg tölemegi talap edýändigini hem aýtdy.

Onuň sözüne görä, “Türkmenstandartlarynyň” ýerli bölümleri nobatlaryň näme sebäpden indiki ýylyň iýul aýyna berilýändigi barada resmi düşündiriş bermeýärler. Ýöne Azatlygyň habarçysy bilen söhbetdeş bolan ýerli ýaşaýjylaryň ençemesi muny “ilatdan artykmaç pul almak üçin edilýän çäre” diýip düşündirýär.

“Bu tölegler ilatyň aýlyk gaz töleginden köplenç has ýokary. Üstesine-de, hasaplaýjy guralyň bolmasa we bu guralsyz gaz ulanýandygyň baradaky tölegleri tölemeseň, onda ilata jerime salynýar. Sentýabr aýyndan başlap bu jerimäniň möçberi hem tas üç esse ýokarlandyryldy. Öň ilata 400-600 manat jerime salnan bolsa, häzir bu jerimäniň möçberi 1500-den başlanýar” diýip, habarçy belledi.

Onuň sözüne görä, hasaplaýjy gurallary “Türkmenstandartlaryndan” geçirmek düzgünleriniň kynlaşdyrylmagy we gaz edaralarynyň hojalyklara "aşa köp mukdarda töleg töletmegi” ilaty bikanun “hyzmatlardan” peýdalanmaga itekleýär.

“Köp adam her aýda munça puly beresi gelmeýär. Şol sebäpli olar gaz edaralaryň işgärlerine ýa-da beýleki araçylara azyndan 800 manat berip, gaz hasaplaýjy gurallaryny “Türkmenstandartlaryndan” geçirdýärler” diýip, habarçy ýerli ýaşaýjylaryň ençemesine salgylanyp aýtdy.

Şol bir wagtda, ol bu problemanyň ýitileşmegi bilen, ilatyň arasynda “hilegärleriň” hem peýda bolandygyny, olaryň hasaplaýjy gurallary “Türkmenstandartlaryndan” geçirip bermegi wada berip, ýaşaýjylaryň puluny alyp ýitirim bolýandygyny belledi.

“Özüni gaz edaranyň işgäri diýip tanyşdyran bir adam Darganatanyň "Hojalyk" daýhan birleşiginde 50 töweregi hojalygyň her birinden 600 manat alypdyr. Ol bu pula olaryň hasaplaýjy gurallaryny “Türkmenstandartlarynyň” barlagyndan geçirip bermegi wada beripdi. Ýöne ol pullary alyp ýitirim bolupdyr” diýip, bu ýagdaýy başdan geçiren ýaşaýjylaryň ençemesi bilen söhbetdeş bolan habarçy aýtdy.

Şol bir wagtda, habarçy agzalýan etraplaryň ençeme obasyna, şol sanda Mahal, Hojabeýik we Kepbeli obalarynyň ýaşaýjylaryna indi 30 ýyl bäri tebigy gazyň berilmeýändigini aýdýar. Onuň sözüne görä, bu obalaryň ýaşaýjylary sazak we beýleki ösümlikleriň çöplerini ýakyp, gün görýärler.

“Bu obalara gaz turbalary çekilen, ýöne olara iberilýän gazyň möçberi aşa pes ýa-da asla akdyrylmaýar” diýip, habarçy aýtdy.

Azatlyk Radiosy ýokarda aýdylanlar barada Darganatanyň we Gazojagyň gaz edaralaryndan hem-de “Türkmenstandartlary” baş döwlet gullugyndan kommentariý alyp bilmedi. Şeýle-de, hojalyklardaky gaz hasaplaýjy gurallaryň her näçe wagtdan barlagdan geçirilmelidigini hem anyklap bolmady.

Türkmenistanda 2019-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap gaz, suw we elektrik togy tölegli edildi. Şondan soň türkmen häkimiýetleri hojalyklaryň ählisinde hasaplaýjy gurallaryň oturdylmagyna we bu hyzmatlar üçin tölegleriň öz wagtynda alynmagyna gözegçiligi güýçlendirdiler.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG