Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Türkmenistanda sowuk howanyň başlanmagy bilen gazdan zäherlenýänler köpelýär


Türkmenistan (illýustrasiýa suraty)

Türkmenistanda howanyň temperaturasy nola golaýlaýar, käbir sebitlerde gijelerine aýaz bolýar. Sowuk howanyň gelmegi bilen gazdan zäherlenmek ýagdaýlary ýygy-ýygydan ýüze çykýar. Muňa merkezleşdirilen gaz üpjünçilik ulgamyndaky näsazlyklar, üstesine-de, köpçüligiň ýyladyş ulgamynyň näsazlygy ýa-da ýoklugy sebäpli öýlerini ýylatmak üçin elektrik ýa-da gaz enjamlaryny ulanmagy sebäp bolýar.

Azatlygyň habarçylarynyň maglumatlaryna görä, soňky günlerde ýangyn we gazdan zäherlenmek ýaly betbagtçylyklar Lebap welaýatynda ýygy-ýygydan ýüze çykýar. Darganata, Dänew, Kerki, Farap, Saýat etaplarynda soňky günlerde azyndan 3 ýangyn we birnäçe gaz zäherlenmesi bolupdyr.

Bir hadysada 2 adam gazdan zäherlenip ölüpdir. Azatlyk çeşmeleriniň howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen şäherçäniň adyny agzamakdan saklanýar.

Azatlygyň habarçysynyň sözlerine görä, ýangynyň esasy sebäbi gaz üpjünçiliginiň kesilmegi bilen bagly bolupdyr. Ol öýlere barýan gaz üpjünçiliginiň birden togtadylýandygyny, soň birden başlaýandygyny aýtdy.

Mundan başga-da, sowuk howanyň başlanmagy bilen ýüze çykýan ýyladyş ulgamyndaky näsazlyklar köp adamy öýlerini ýylatmak üçin elektrik enjamlaryny we gaz peçlerini ulanmaga mejbur edýär. Köp adam gaz peçlerini has köp ulanýarlar, sebäbi elektrik togunyň ýygy-ýygydan kesilmegi sebäpli elektrik gyzdyryjylar köplenç peýdasyz bolýar.

Azatlygyň habarçysynyň sözlerine görä, güýz-gyş möwsüminde energiýany köp talap edýän elektrik gyzdyryjylaryň köp ulanylmagy sebäpli elektrik liniýalarynda agram artýar, olar sandan çykýar we ýangynlar bolýar.

Dänewde elektrik simlerine düşen aşa köp agram şäher merkezindäki dükanlaryň birinde ýangynyň döremegine sebäp boldy. Habarçynyň sözlerine görä, şeýle ýagdaýlarda ýangynyň ýetiren zyýanynyň öwezini dükan eýeleri çekýärler. Ätiýaçlandyryş şertnamalary tehnogen ýa-da tebigy betbagtçylyklaryň zyýanynyň öwezini dolmagy öz içine almaýar.

Türkmenistanyň ilaty ençeme ýyl bäri elektrik, gaz, suw üpjünçiligi we kanalizasiýa bilen baglanyşykly kynçylyklary başdan geçirýärler.

Aşgabatdaky habarçymyz Parahat etrapçalarynda kanalizasiýa we ýyladyş ulgamlarynda köp näsazlyklaryň düzedilmän galýandygyny habar berýär.

Paýtagtyň ýaşaýyş jaýlaryndaky turbalar könelip, çüýreýär, olary täzelemek üçin döwletiň goýberýän serişdesi ýeterlik däl. Merkezleşdirilen ýyladyş üpjünçiligindäki ýaşaýyş jaýlarynda, köp kwartiralarda diňe turbalar galyp, batareýalar düýpden ýok.

Jemagat gulluklaryň işgärleri bejeriş işlerini geçirýär, Aşgabat, noýabr, 2020
Jemagat gulluklaryň işgärleri bejeriş işlerini geçirýär, Aşgabat, noýabr, 2020

"Düzgün bolşy ýaly, ýylyrak günlerde turbalar ýyly bolýar, sowuk bolanda turbalar buz ýaly bolýar ýa-da çala ýylaýar" - diýip, Parahat etrapçasynyň ýaşaýjysy Azatlyga gürrüň berdi. Onuň sözlerine görä, ol öz öýüni elektrik peç bilen ýyladýar.

Azatlygyň habarçylary geçen gyşda paýtagtda-da öýleri gaz bilen ýylatmak, şol sanda jaýy ýylatmak üçin aşhanadaky nahar bişirilýän ojagyň gaz gözeneklerini ulanmak bilen baglanyşykly betbagtçylykly hadysalaryň bolandygyny habar berdiler.

Mundan başga-da, gaz ölçeýjileriniň köpçülikleýin gurulmagyndan soň gazyň syzmagy barada köp habarlar gelip gowuşypdy. Sarp ediş hasaplaýjylarynyň gyssagly gurulmagy gazyň syzmagyna, partlamalara we zäherlenmelere sebäp bolupdy.

Gaz hasaplaýjylarynyň köpçülikleýin oturdylmagy gaz, elektrik we suw mugtçulygynyň ýatyrylmagyndan soň 2018-nji ýylyň noýabr aýynda başlanypdy. Ýurduň ýolbaşçylary şonda ýeňillikleriň ýatyrylmagyny "raýatlaryň hal-ýagdaýynyň gowulanmagy" bilen düşündirdiler.

Şondan bäri kommunal hyzmatlaryň bahasy birnäçe esse ýokarlandy, ýöne Azatlygyň habarçylary munuň berilýän hyzmatlaryň hiline täsir etmändigini belleýärler.

Türkmenistanyň ýaşaýjylary ýyllarboýy ýyladyş problemasy bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar.

Şäherdäki kwartiralaryň köpüsinde batareýalar ýok. Köp adamlar ýyladyş üçin split-sistemalary ulanýarlar, häkimiýetler bolsa olary söküp aýyrýar.

Soňky günlerde Aşgabadyň Parahat etrapçalarynyň ýaşaýjylary jaýlarynyň penjirelerine oturdylan split-sistemalaryndan mahrum boldular. Jemagat gulluklaryň işgärleri ýörite ulaglar bilen baryp, duýduryş bermezden, gurallary söküp aýyrdy.

Ýurduň häkimiýetleri problemalaryň bardygyny boýun almaýarlar, döreýän kynçylyklaryň sebäpleri barada düşündiriş bermekden saklanýarlar.

Rus dilinde hem okaň

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG