Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Ýaş ýetginjegiň sport ýaryşynda gazanan ýeňşinden soňra, urlup öldürilendigi habar berilýär


Turkmen.news neşiriniň suraty: Süleýman Tursunbaýew

Köneürgenç etrabynyň “Ak gala” geňeşliginiň ýaşaýjysy 14 ýaşly Süleýman Tursunbaýewiň dzýudo ýaryşynda gazanan ýeňşinden soňra, näbelli adamlar tarapyndan urlup öldürilendigi habar berilýär.

Turkmen.news neşiriniň habaryna görä, Ahal welaýatynyň Ýaş olimpiýaçylary taýýarlaýyş mekdebiniň 7-nji klas okuwçysy Tursunbaýew fewralyň başlarynda Bäherden etrabynda geçirilen bir dzýudo ýaryşyna gatnaşýar. Neşir bäsleşigiň öň ýany ýaş ýetginjege ýaryşda ýeňilmegiň yşarat edilendigini, ýöne onuň bu talaba düşünmän, ýa-da boýun egmän ýeňiji bolandygyny aýdýar, hem-de onuň şol sebäpden öldürilendigini öňe sürýär.

Neşiriň ýazmagyna görä, ýaryşyň yz ýany näbelli ýaş adamlar onuň tälimçisini urýarlar, özüni bolsa bir ýerlere äkidip, urup-ýenjenlerinden soňra, köçä taşlaýarlar. Neşiriň çeşmeleri wakadan soň, tötänden köçeden geçip barýan adamlaryň Tiz kömek çagyrandygyny, ýöne Tursunbaýewiň paýtagt keselhanasyna kabul edilmän, Daşogza ugradylandygyny aýdýarlar.

Urgulardan ejir çeken ýaş dzýudoçy, neşiriň habaryna görä, Köneürgenjiň etrap hassahanasyna äkidilenden soňra, aradan çykýar we 5-nji fewralda jaýlanýar.

Turkmen.news Süleýman Tursunbaýewiň ejesiniň adyny Ziýada Hojakowa, kakasynyň adyny Mätýakub Tursunbaýew diýip, anyklandygyny aýdýar.

Bir YouTube kanalynda 14-nji fewralda çap edilen bir wideoda özlerini Süleýman Tursunbaýewiň ene-atasy Ziýada Hojakowa hem-de Matýakub Tursunbaýew diýip tanyşdyrýan adamlar öz ogullarynyň sport ýaryşynda ýeňiji bolandan soňra, urlup öldürilendigini aýdýarlar we adalat talap edýärler.

Wideodaky Mätýakub Tursunbaýew öz oglunyň Babarabyň Ýaş olimpiýaçylary taýýarlaýyş mekdebiniň okuwçysy bolandygyny aýdýar.

“Men Tursunbaýew Mätýakub. Oglum Süleýman Tursunbaýew. Babarap obasyna okuwa girizdim, oglumy. Şony urupdyrlar, ýenjipdirler...” diýip, ol aýdýar hem-de oglunyň ýarawsyz ýagdaýda Köneürgenje getirilendigini, aradan 4-5 gün geçenden soňra aradan çykandygyny gürrüň berýär.

“Ol Köneürgenje gelip, 4-5 gün ýatandan soňra öldi. Ol ýanda ony urup-ýenjip, hemme ýerine depip taşlapdyrlar” diýip, ol aýdýar.

“Şoňa adalat soraýaryn, adalatly çözmegiňizi soraýaryn” diýip, sözüniň üstüni ýetirýär.

Özüni ýaş ýetginjegiň ejesi diýip tanyşdyran aýal hem agyly çykyşynda özüniň adalat talap edýändigini aýtdy.

“Men Süleýmanyň ejesi Ziýada. Balamy okuwa iberdim, Aşgabatda çempion balam. Adalat talap edýärin” diýip, ol oglunyň ýaryşda çempion bolandygyny hem-de köpçülik bolup urlup-ýenjilendigini aýtdy.

“Adalat talap edýärin, balamyň gany ýerde galmasyn” diýip, ol aglady hem-de oglunyň halkara ýaryşlarda ýeňiji bolup, türkmen baýdagyny belende götermek arzuwynyň bolandygyny gürrüň berdi.

“Türkmenistanyň baýdagyny Amerikada ýokary götererin diýerdi, prezident bilen salamlaşaryn diýerdi. Ýaryşlarda birinjiligi alaryn diýerdi. Jenaýatçylaryň tapylmagyny we olara agyr jeza berilmegini talap edýärin” diýip, ol aýtdy.

Azatlyk Radiosy ýaş ýetginjegiň biwagt ölümi boýunça ýurt içinden maglumat almaga synanyşýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin indirip bilersiňiz.

Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG