Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Ogurlyk hadysalary artýar, polisiýa ‘aňsadyna garaýar’


Illýustrasiýa suraty

Ýurtda dowam edýän ykdysady kynçylyklaryň fonunda Baýramaly we Mary şäherlerinde ogurlyk hadysalary ýokarlanýan mahaly, polisiýanyň bu meselä çemeleşigi ilaty çykgynsyz ýagdaýa salýar.

Azatlyk Radiosynyň habarçylary soňky wagtlarda Baýramalyda hususan-da awtoulag şaýlarynyň, Maryda hojalyklardaky suw nasoslarynyň, galyberse-de azyk önümleriniň has köp ogurlanýandygyny habar berýärler. “Satyp bolaýjak zatlary ogurlaýarlar” diýip, bir maryly ýaşaýjy aýtdy.

Sebit ýaşaýjylary ogurlyk hadysalary bilen bagly ýerli polisiýa bölümlerine arz edýändiklerini, ýöne polisiýanyň bu hadysalara biparh çemeleşýändigini aýdýarlar.

Baýramalynyň bir ýaşaýjysy bir ogurlyk hadysasy bilen bagly polisiýa bölümine bir aýda iki gezek şikaýat bilen ýüz tutmaga mejbur bolandygyny gürrüň berýär.

Maryly ýaşaýjylaryň sözlerine görä, kähalatlarda polisiýa ogurlyk hadysalaryny öň ogurlykda tutulan adamlaryň üstüne atyp, olara boýun aldyrýar; kähalatlarda bolsa şikaýat bildirýän adamlaryň özlerine şübheli çemeleşýär.

“Meni urup, üç zady meniň boýnuma goýdular. Men urga çydaman boýun almaly boldum” diýip, türmede oturyp çykan bir öňki tussag Azatlygyň habarçysyna gürrüň berdi.

“Eger bir adam towuk ogurlap tutulan bolsa, ony urup, başga ogurlyklary hem oňa boýun aldyrýarlar” diýip, ýene bir ýaşaýjy gürrüň berdi. “Şular ýaly hadysalar gaty köp gabat gelýär” diýip, ol sözüne goşdy.

Baýramalynyň ýaşaýjysy bir ogurlyk hadysasy bilen bagly ýerli polisiýa bölümine iki gezek ýüz tutuşy barada gürrüň berdi. Onuň sözlerine görä, bir aý töweregi mundan ozal, onuň aýakulagynyň akkumulýatory ogurlanýar. Ejir çeken polisiýa şikaýat bilen ýüz tutýar we ogrynyň tapylmagyny soraýar. 960 manada başga akkumulýator satyn alýar, ýöne aradan iki hepde töweregi wagt geçenden soňra, awtoulagyň täze akkumulýatory ýene-de ogurlanýar.

“Bir seretsem, maşynyň kapody açyk dur. Akkumulýator ýok” diýip, Baýramalynyň ýaşaýjysy Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berýär.

Ol ikinji gezek ýene-de polisiýa ýüz tutýar. Polisiýa işgäri, ýerli ýaşaýjynyň sözlerine görä, onuň özüne şübheli çemeleşýär.

“O-how, men öz zadymy näme üçin özüm ogurlaýyn!? Men ol gün täze akkumulýator aldym. Bolşuňyz nähili!?” diýsem,’biz ony anyklarys’ diýýärler” diýip, habarçynyň söhbetdeşi gürrüň berdi.

“Men indi, gaýdyp, bu ýere geljek däl. Iki gezek arza berenimde, şu gezek hem meniň özümi aýyplamakçy bolýarlar” diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

Azatlyk Radiosynyň bu maglumatlar boýunça Baýramaly şäheriniň polisiýa bölüminden kommentariýa almak synanyşygy netije bermedi.

Iki hepde gowrak mundan ozal, Azatlygyň ikinji habarçysy Maryda ogurlyk hadysalarynyň artandygyny, ogurlyk bilen bagly arz-şikaýat bilen polisiýa ýüz tutýan adamlaryň köpelýändigini habar berdi.

Ol 3-nji fewral güni Mary şäheriniň polisiýa bölüminiň daş ýüzünde 40-50 adamlyk üýşmeleňi görendigini, olaryň ogurlyk hadysalary bilen bagly polisiýa ýüz tutýandygyny habar berdi.

“Adamlaryň öýlerine girip, ýa-da ýerzeminlere girip, ogurlyk edýän adamlar köpeldi” diýip, bir maryly ýaşaýjy şonda Azatlygyň habarçysyna gürrüň berdi.

Artýan ogurlyk hadysalary ýurtda ýiti ykdysady kynçylyklaryň dowam edýän wagtyna gabat gelýär.

Türkmenistanyň döwlet media serişdeleri soňky wagtlarda köpelýän ogurlyk hadysalary barada habar bermeýär.

Azatlyk Radiosy ogurlyk hadysalarynyň köpelmegi barada Mary welaýatynyň polisiýa bölüminden kommentariýa alyp bilmedi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG