Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Marynyň döwlet dükanlarynyň etrap ýolbaşçylary we welaýat başlygy Aşgabada çagyryldy


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Marynyň döwlet dükanlarynda geçirilmegi meýilleşdirilen barlaglar baradaky habarlaryň yz ýany, golaýda Türkmengala, Ýolöten, Mary we Baýramaly etraplarynyň döwlet dükanlarynyň etrap ýolbaşçylary Aşgabada çagyryldy. Olaryň Aşgabada çagyrylmagynyň aňyrsyndaky mümkin bolan sebäpler aýdylmaýar. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy maglumat berdi.

Baýramaly, Türkmengala, Ýolöten we Mary etraplarynyň döwlet dükanlary boýunça baş ýolbaşçylarynyň Aşgabada çagyrylmagy Mary welaýatyna paýtagtdan barlagçy barýandygy barada berlen habarlaryň yz ýanyna gabat gelýär.

Ýatlasak, Azatlyk Radiosynyň habarçysy 8-nji fewralda Mary welaýatynyň edara-kärhanalarynyň Aşgabatdan barlaga garaşýandygyny, barlaglaryň esasan döwlet dükanlaryna gönükdirilýändigini habar berdi. Barlagçylaryň haýsy edaradan ugradyljakdygy bada-bat mälim bolmady.

Bu habarlaryň fonunda sebitiň birnäçe etrabynyň döwlet dükanlarynyň etrap ýolbaşçylary Aşgabada çagyrylýar. Azatlyk Radiosy bu iki habaryň arasyndaky mümkin bolan arabaglanyşygy anyklap bilmedi.

Etrap ýolbaşçylarynyň yzýany, Azatlygyň habarçysynyň maglumatlaryna görä, iki gün töweregi mundan ozal, Marynyň tutuş welaýat boýunça döwlet dükanlarynyň baş ýolbaşçysy Aşgabada çagyryldy.

Habarçy dükan ýolbaşçylarynyň maşgala agzalarynyň olardan habar alyp bilmeýändigini aýdýar.

Habarçynyň maglumatlaryna görä, Aşgabada iş sapary bilen giden ýakynlary bilen habarlaşyp bilmeýän adamlaryň arasynda Marynyň döwlet dükanlary boýunça welaýat başlygynyň aýaly hem bar.

Ýurtda azyk ýetmezçiligi bilen bagly dowam edýän kynçylyklaryň arasynda 8-nji fewralda Azatlyk Radiosy Mary welaýatynyň söwda pudagynyň işgärlerine salgylanyp, döwlet dükanlarynda ýol berilýändigi aýdylýan kemçilikler, şol sanda käbir korrupsiýa hadysalary barada habar berdi.

Azatlyk Radiosy Mary welaýatyna Aşgabatdan barlagçylaryň barandygyny ýa-da barmandygyny tassykladyp bilmeýär.

“Eýýäm iki gün bäri el telefony öçük, men näme etmeli, kimden maglumat almaly?” diýip, Aşgabada çagyrylan söwda resmisiniň ýakyny Azatlyk Radiosynyň habarçysyna atlandyrylmazlyk şertinde gürrüň berdi.

Habarçynyň maglumatlaryna görä, sebitde söwda pudagyna gönükdiriljekdigi aýdylan barlaglaryň yz ýany, şu günler hukuk goraýjy işgärleriň arasynda-da öz gulluklarynda geçirilmegi ahmal ýokary derejeli barlaglar barada maglumatlar bar.

Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy ýerli bir hukuk goraýjy işgäriň anonim şertlerde beren maglumatlaryna salgylanyp, habar berýär.

Onuň maglumatlaryna görä, ýerli kanun goraýjy edaralaryň öz aralarynda gizlin göreşiň alamatlary bar.

“Polisiýa edarasynyň işgärleri Milli howpsuzlyk edarasynyň üstünden kän gezek gizlinlikde arz-şikaýat beripdir” diýip, bir hukuk goraýjy işgär anonim şertlerde gürrüň berdi.

Onuň sözlerine görä, Mary welaýatynda göz öňünde tutulýan nobatdaky barlaglaryň sebitiň Milli howpsuzlyk edarasyny hem-de Jenaýat agtaryş gullugyny nyşana almagyna garaşylýandygy aýdylýar.

“Indi gezek Milli howpsuzlygyňky we Jenaýaty agtaryş gullugynyňky” diýip, bir howpsuzlyk işgäri atlandyrylmazlyk şertinde Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

Azatlyk Radiosy bu maglumatlar boýunça resmi we garaşsyz çeşmelerden goşmaça maglumat alyp bilmedi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG