Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Barlagçy gorkusy döwlet dükanlarynyň ‘aýbyny’ açýar


Illýustrasiýa suraty. Çörek satyn almak üçin nobata duran adamlar. Aşgabat ş. Fewral, 2020 ý.

Mary welaýatynyň döwlet dükanlary Aşgabatdan geljek barlagçylara garaşýar. Dükan satyjylary döwlet dükanlarynda ýol berilýändigi aýdylýan käbir kemçilikler barada Azatlyk Radiosynyň habarçysyna anonim şertde gürrüň berdiler.

Aşgabatdan Mara barjak barlagçylaryň haýsy edaradan iberilýändigi bada-bat mälim bolmady. Ýöne garaşylýan barlaglar baradaky habarlar “Türkmenstandartlary” baş döwlet gullugynyň Mary welaýatynda geçiren barlaglarynyň yz ýanyna gabat gelýär. Ýatlasak, iki hepde gowrak mundan ozal gullugyň işgärleri Mary welaýatynyň edara-kärhanalarynda barlag geçirdi.

Azatlygyň habarçysy bilen gürrüňdeş bolan käbir dükan satyjylary döwlet dükanlarynda ýol berilýän nogsanlyklar, olara özleriniň we ýolbaşçylarynyň mümkin bolan gatnaşygy barada gürrüň berdiler. Dükan satyjylary döwlet dükanlarynda ýol berilýän kemçilikleriň öz ýolbaşçylarynyň tabşyrygy bilen ýerine ýetirilendigini aýdýarlar.

Mundan ozal, ýerli ýaşaýjylar Azatlygyň habarçysy bilen söhbetdeşlikde döwlet dükanlarynda satylýan ýeňillikli harytlaryň gapdaly bilen goşmaça önümleri satyn almak barada özlerinden edilýän resmi däl talaplar barada ençeme gezek gürrüň berdiler.

Aýry-aýry talaplar

“Her etrapda, her etrabyň her geňeşliginde döwlet dükan satyjylaryndan edilýän talaplar aýry-aýry. Bize ‘halky talamagy’, ýagny döwlet nyrhyndan satylmaly edilip, bize goýberilen azyk önümleriniň gapdaly bilen dereksiz harytlary satmagy ýokardakylaryň özleri öwretdi we buýruk berdi” diýip, bir dükançy Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

Ýatlasak, ýurduň dürli künjeklerinde döwlet dükanlary ýeňillikli azyk önümleriniň gapdaly bilen wagtal-wagtal rezin şypbyk, prezidentiň portreti, şireli içimlik, süýji-köke ýaly önümleriň satyn alynmagyny alyjylardan talap etdi. Ýurtda dowam edýän ykdysady kynçylyklaryň fonunda ilat ‘çykalgasyzlykdan’ döwlet dükanlarynda ýeňillikli bahadan satylýan önümleri satyn almaga isleg bildirýär. Hususy söwdada azyk önümleriniň bahalary döwlet dükanlary bilen deňeşdirilende gymmatlygynda galýar.

“Biz ilki-ilkiler adamlara azyk harytlary adatdakysy ýaly satdyk” diýip, bir dükan satyjysy gürrüň berýär. Ýöne onuň sözlerine görä, ýolbaşçylar döwlet dükanlarynda töleg terminallaryny oturtmak üçin dükançylardan müňlerçe manat talap edip başlaýar. Şondan soň, ýagdaý üýtgeýär.

Töleg terminallary

“Döwlet dükanynda ýönekeý işgärde munuň ýaly pul nireden bolsun diýip, öz ýagdaýyny düşündirmekçi bolan adamlar boldy. Ýolbaşçylar ‘işlejek bolsaňyz, hökman terminal almaly' diýip aýtydylar” diýip, dükan satyjysy sözüniň üstüni ýetirdi. Töleg terminallaryny satyn almak we oturtmak işleri, satyjynyň tassyklamagyna görä, 6,000 manada durýar.

Galyberse-de, onuň sözlerine görä, döwlet dükanlaryna töleg terminallaryny hususy taraplardan däl-de, döwlet dükanlaryna gözegçilik edýän söwda edarasynyň düýbünden almak talap edildi.

Türkmenistan maliýe we söwda pudagyny digitallaşdyrmak tagallalarynyň çäginde soňky birnäçe ýylyň dowamynda ilatyň aýlyk haklaryny, pensiýalaryny we döwlet kömek pullaryny olaryň bank hasaplaryna geçirmek, söwda nokatlaryna töleg terminallaryny ornaşdyrmak ýaly işleri ýola goýdy.

Habarçy bilen gürrüňdeş bolan maryly dükan satyjysy töleg terminalyny ornaşdyrmak üçin özlerinden 6,000 manat möçberinde tölegiň talap edilendigini, muny gazanmak üçin özlerine dükandaky harytlaryň gapdaly bilen goşmaça önüm satmaga dilden rugsat berlendigini aýdýar.

"Goşmaça girdeji"

“Bize pul gazanmagy özleri öwretdi” diýip, dükan satyjysy öz ýolbaşçylaryny aýyplaýar:

“Azyk harytlaryň ýany bilen hatda suw doňduryp, ondan buz ýasap satyp bolýar. Kim näme satyp bilse, ýany bilen satsyn...Şeýdip, pul ýasaň we hökman 6,000 manat getiriň, terminal alyň, araňyzda ‘ýok başarmok’ diýýäniňiz bar bolsa, işden çyksyn, başarýan adam kän, nobata durlar siziň ýeriňize geçmek üçin diýip aýtdylar” diýip, dükan satyjysy gürrüň berýär.

Bu talap, rugsat we haýbat dükan satyjylaryny herekete geçirýär. “Biz azyk önümleriniň ýany bilen satmak üçin, asla gerekmejek arzan haryt gözläp başladyk. Olary iň arzan nyrhdan alyp, üstüne iki esse nyrh goýup halka satdyk we agzalan 6,000 manady eltip berdik” diýip, satyjy boýun alýar.

Ol düşewündiň özlerine hoş ýakandygyny, täze endikden el çekip bilmändiklerini, subsidirlenen azyk harytlarynyň gapdaly bilen girdeji gazanmak işlerini giňeldendiklerini gürrüň berýär. Satyjynyň sözlerine görä, şondan soň häkimiýetler her döwlet dükanyndan jogapkär adama aýda bir sapar para-peşgeş getirmegi boýnuna goýýar.

Azatlygyň habarçylary döwlet dükanlarynda ýeňillikli harytlaryň gapdaly bilen adamlara mejbury satylýan önümler barada wagtal-wagtal habar berdiler.

Ýatlasak, Azatlyk noýabrda Baýramaly etrabynyň Gökdepe geňeşliginiň döwlet dükanlarynda alyjylardan arzan ösümlik ýagynyň gapdaly bilen rezin şypbyk satyn almagyň talap edilişi, oktýabryň ortalarynda Aşgabadyň döwlet dükanlarynda ýeňillikli şekeriň ýany bilen adamlardan gazlandyrylan içgi satyn almagyň talap edilişi, maý aýynda Baýramaly şäheriniň döwlet dükanlarynda subsidirlenen pagta ýagynyň gapdaly bilen sok we keks ýaly konditer önümleriniň satylyşy, hatda awgustda Farabyň ýaşaýjylaryna ýeňillikli unuň gapdaly bilen prezidentiň portretleriniň mejbury satylyşy, şu ýylyň ýanwarynda bolsa, Baýramalynyň döwlet dükanlarynda azyk önümleriniň gapdaly bilen adamlara bedre we taňňyr satyn almagyň teklip edilişi barada habar berdi. Adamlar azyk harytlarynyň gapdaly bilen satylýan önümleriň hilinden şikaýat etdi.

"Päsgelçilik"

Ýeňillikli azyk önümleriniň gapdaly bilen goşmaça girdeji gazanyp başlan döwlet dükanlarynyň öňünde soňy bilen bir ‘päsgelçilik’ döreýär. Ol hem - alyjylar. Alyjylar satyjylardan nägile bolup başlaýar:

“Adamlar biziň bu edýän zatlarymyzdan nägile bolup, gaharlanyp başladylar. Köp halatda güýç görkezen adamlar hem bar. Olar biziň ýakamyzdan tutup, ‘ýany bilen beren harydyň-da, azyk önümiň-de zaýa, näme üçin beýle edýärsiňiz’ diýdiler” diýip, maryly dükan satyjysy gürrüň berdi.

Ýöne halkyň nägileligi iş bitirmedi. Sebäbi, subsidirlenen önümleriň gapdaly bilen ‘girdeji gazanmaga’ öwrenişen döwlet dükanlarynyň ‘galat’ işine, dükan satyjysynyň sözlerine görä, hukuk goraýjy edaralaryň işgärleri arka çykdy.

“Biz ýagdaýy ýolbaşçylara düşündirdik. Olar ‘munuň çäresini taparys, dessine çözeris’ diýdiler” diýip, dükan satyjysy gürrüňe dowam edýär.

Munuň yzýany, döwlet dükanlarynda alyjylaryň nobatyna gözegçilik edýän polisiýa güýçlendirilýär. Habarçynyň söhbetdeşine görä, döwlet dükanlarynda nobatçylyk edýän polisiýa güýçleri dükan satyjylaryny alyjylaryň zorlugyndan goramak üçin ýerleşdirilipdir.

Mundan ozal, Azatlyk Radiosy ýurtda dowam edýän ykdysady kynçylyklaryň fonunda ýurduň dürli künjeklerinde arzan bahadan azyk önümleri satylýan döwlet dükanlarynda döreýän nobatlar, nobatlarda wagtal-wagtal ýüze çykýan dawa-jenjeller, uruş-sögüşler, olara polisiýa güýçleriniň gözegçiligi barada habar berdi.

Polisiýa we nobatlar

“Hukuk goraýjy işgärler döwlet dükanlarynyň satyjylaryny goramaly edilip, halk öwrenişýänçä her gün döwlet dükanynyň öňünde polisiýa işgärleri nobatçylyk edip başlady. Biz şondan soň has-da arkaýynlaşyp, öz bähbidimize we ýokardaky ýolbaşçylaryň bähbidine işläp başladyk. Polisiýa tarapyndan köp adam tussag edildi. Adamlar ony görüp, soňra köşeşdiler we azyk harytlarynyň gapdaly bilen islendik harydy satyn almaga boýun boldular” diýip, dükan satyjysy boýun aldy.

Soňky birnäçe ýyl bäri Türkmenistan garaşsyzlyk ýyllarynyň iň agyr ykdysady kynçylyklaryndan birini başdan geçirýär. Energiýa serişdelerine baý ýurduň döwlet baştutany maliýe görkezijileriniň peselmegini energiýa bahalarynyň global arzanlamagy bilen düşündirýär. Milli puluň öz hümmetini esli ýitirmegi bilen hususy söwdada bahalar yzygiderli gymmatlady we bu ýagdaý ilaty döwlet dükanlarynda ýeňillikli bahalardan satylýan azyk önümlerine garaşly etdi. Döwlet dükanlarynyň harytlaryna bolan islegiň artmagy öz ýany bilen, dükan satyjylarynyň sözlerine görä, ýerli häkimiýetler üçin goşmaça girdeji çeşmelerini döretdi.

Ýöne maryly dükan satyjysynyň sözlerine görä, döwlet dükanlaryna iberilýän harytlar soňy bilen ugruny ýitirip başlaýar. Subsidirlenen önümler dükanlaryň alyjylaryna ýetmän başlaýar.

"Harytlar ugruny ýitirýär"

“Biz ýolbaşçylara ‘bize un, ýag, towuk budy, şeker, ýumurtga ýaly azyk harytlaryny, ýa-da çilim ýaly beýleki önümleri az berýärsiňiz, halka ýetenok’ diýip, aýdyp bilmedik” diýip, satyjy boýun alýar.

Onuň sözlerine görä, ýerli söwda resmileri döwlet dükanlaryna iberilýän harytlary hususy dükanlara iberip, olardan özleri üçin başga-da goşmaça girdeji gazanyp başlaýar.

“Ýolbaşçylar halka ýetirilmeli, ilata paýlanmaly harytlary hususy dükanlara geçirip, uly möçberde pul gazanyp başladylar” diýip, satyjy tassyklaýar.

Şeýle-de, ol döwlet dükanlarynda baş goşulan dokument galplygy barada-da maglumat berýär. “Her adama çörek berenimizde dükan depderçesine gol çekdirdik. Adamlaryň habary hem ýokdur, ýöne olar her gol çekenlerinde biz olara 2-3 kilogram una gol goýdurdyk. Iberilen unuň belli möçberini hususy dükanlara satdyk” diýip, maryly dükançy gürrüň berdi.

Ýurtda dowam edýän azyk haryt ýetmezçiliginiň fonunda döwlet dükanlary subsidirlenen önümler üçin ýerli ýaşaýjylardan olaryň ýaşaýan ýeri, maşgala agzalarynyň sany barada güwähat talap edýär. Azatlyk Radiosy ençeme gezek ýurduň dürli künjeklerinde döwlet dükanlaryndan çörek we un satyn almak isleýän adamlaryň daň bilen nobatlara duruşlary, ýöne ilata hödürlenýän önümleriň nobata garaşýan adamlaryň ählisine däl, olaryň diňe birnäçesine ýetmegi, galanlarynyň bolsa tukat ýagdaýda öýlerine dolanyşy barada yzygiderli habar berdi.

Maryly dükan satyjysynyň sözleri bu ýagdaýyň aňyrsyndaky mümkin bolan sebäpleriň käbirleri barada pikir döredýär.

Ol harytlaryň gapdaly bilen satylan önümlerden, hem-de döwlet dükanlaryna niýetlenen, ýöne ‘bikanun ýagdaýda’ hususy dükanlara satylan harytlardan gazanan girdejilerini ýerli häkimiýetleriň haýsy wekilleri bilen paýlaşandyklary barada gürrüň berdi.

"Şärikli gazanç"

“Biziň eltip berýän para-pulumyzda häkimligiň, polisiýa başlygynyň, howpsuzlyk başlygynyň, umuman, bize ‘bes et’ diýäýjek ähli edaralaryň ýolbaşçylarynyň paýy bolansoň, biz özümizi şu güne çenli arkaýyn goragly duýýarys” diýip, bir ýerli döwlet dükanyndan jogapkär adam Azatlygyň habarçysyna gürrüň berdi.

Azatlyk Radiosy bu maglumatlar boýunça Mary welaýatynyň häkimliginden hem-de ýerli polisiýa bölüminden kommentariýa alyp bilmedi.

Dükan satyjysynyň sözlerine görä, şu günler olaryň ‘bikanun düşewüntleriniň’ şärikleri howsalaly görünýär.

“Edara ýolbaşçylary häzir bir hili howsalaly görünýär. Aşgabatdan geljek barlagdan çekinýärler” diýip, habarçynyň söhbetdeşi aýtdy.

Onuň sözlerine görä, golaýda ýerli häkimiýetler döwlet dükanlaryndan jogapkär adamlary ýygnap, olar bilen duşuşyk geçiripdir. Ýerli häkimiýetleriň aladalary Aşgabatdan geljek barlagçylaryň talaplarynyň halkyň bähbidine hyzmat edip-etmejekdigi barada käbir soraglary döredýär.

"Howsalaly ýagdaý"

“Şu gün döwlet dükan eýelerini ýygnap, ýygnak geçirdiler. ‘Birden pul ýetmezçilik etse, birden olara [barlagçylara] berilmeli para, öňküden ýokary bolsa, onda siziň muňa gatnaşmagyňyz gerek bolar we pul diýlende taýýar bolmagyňyz gerek’ diýip aýtdylar, ýöne näçe pul gerek bolar, ony aýtmadylar” diýip, bir dükan eýesi Azatlygyň habarçysyna gürrüň berdi.

Bu ýagdaý söwda pudagynda bardygy öňe sürülýän "korrupsion shemanyň iş tertibi” barada käbir çaklamalary döretdi.

“Hemişe bolşy ýaly, ýokarda para-puly köp hödürläp bilýän adam, öz iş ýerinde galar... Kimiň ýokarda tanşy, ýokardan hemaýaty bolmadyk adamlar işden gider we jenaýata çekiler. Şuňa gatnaşan ähli edaralara-da deger. Sebäbi, prokuraturanyň kimlere jenaýat işini gozgajakdygy öňünden belli bolýar. Ýöne barlag gelip gideninden soň, iş alnyp barylýar. Derňew işleri uzaga gitmez. Barlag gelen gününden başlap, ejiz, ýokary gatlakda tanşy bolmadyk adamlary tussag etmäge başlarlar. Bu ‘talaňçylygy’ mundan öň Türkmenistanda ýaşaýan raýatlar, hatda daşary ýurtly adamlar hem bilýär. Ýöne şu güne çenli pul toplatdylar” diýip, ýerli häkimiýetleriň geçiren ýygnagyna gatnaşan döwlet dükan satyjysy Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

“Döwlet dükan eýeleri Aşgabatdan geljek barlagdan gorkýarlar” diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

"Jikme-jik seljeriş"

Azatlyk Radiosynyň Mary welaýatynyň döwlet dükanlarynda ýol berilýändigi aýdylýan kanun bozmalar we galplyklar barada Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginden kommentariýa almak synanyşygy netije bermedi.

Şeýle-de, sebitiň döwlet dükanlarynda bardygy aýdylýan "korrupsion shema" we onuň ýerli häkimiýetlere mümkin bolan ilteşigi, ýa-da olar boýunça şu wagta çenli açylan işler barada döwlet eýeçiligindäki köpçülikleýin habar beriş serişdeleri, galyberse-de ýarym resmi habar saýtlary habar bermeýärler.

Bu aralykda, Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 5-nji fewralda söwda toplumy boýunça käbir wise-premýerleriň hem-de pudak ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.

“...söwda toplumynyň edara-kärhanalarynyň kuwwatynyň ulanylyşyny, söwda dolanyşygynyň ýagdaýyny we ösüş depgininiň peselmeginiň sebäplerini jikme-jik seljermek wajypdyr” diýip, Türkmenistanyň döwlet habarlary agentligi (TDH) türkmen prezidentiniň sözlerini sitirleýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Teswirleri gör

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG