Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Maryda nagt däl söwda kyn, adamlar derman satyn almakda kösenýär


Illýustrasiýa suraty. Dermanhanada nobata garaşýan adamlar. Awgust, 2020 ý. Aşgabat ş.
Illýustrasiýa suraty. Dermanhanada nobata garaşýan adamlar. Awgust, 2020 ý. Aşgabat ş.

Dermanhanalarda nagt däl hasaplaşyk terminallarynyň oturdylmandygy sebäpli, şu günler Mary welaýatynyň dürli künjeklerinde ýaşaýjylar derman satyn almakda uly kösençlikleri başdan geçirýärler. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 15-nji fewralda habar berdi.

Ýerli ýaşaýjylaryň sözlerine görä, töleg terminallary diňe bir dermanhanalarda däl, eýsem, köp sanly dükanlarda-da oturdylmandyr.

Habarçynyň maglumatlaryna görä, esasan oba ýaşaýjylary maliýe problemalary bilen bagly köp kynçylyk çekýär.

“Şäher ýaşaýjylary talon arkaly aýlyklaryny nagtlaşdyryp bilýän bolsalar-da, oba ýerleriniň ýaşaýjylary öňki aýlardaky ýaly, bank kartlaryndan pul nagtlaşdyrmakda uly kösençlikleri başdan geçirýärler” diýip, bir ýaşaýjy Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

Habarçy bilen gürrüňdeş bolan ençeme ýaşaýjylar dükanlarda we dermanhanalarda töleg terminallarynyň işlemeýändigini aýdýarlar.

“Dermanhanalara barýan adamlaryň sany-sajagy ýok emma köp adam derman satyn alyp bilmän yzyna gaýdýa” diýip, beýleki bir ýaşaýjy gürrüň berdi.

Habarçynyň maglumatlaryna görä, welaýatyň dürli künjeklerinde ýerleşýän hususy dermanhanalarda-da töleg terminallary oturdylmandyr.

Ýurduň söwda nokatlaryna töleg terminallarynyň oturdylmagy boýunça bar bolan meseleler golaýda hökümet derejesinde boýun alyndy. Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow 10-njy fewralda ykdysadyýet we maliýe ulgamlary boýunça geçiren iş maslahatynda bu problema üns çekdi. Prezidentiň belliklerine görä, käbir banklar nagt däl hasaplaşyklary ornaşdyrmak bilen bagly haýal-ýagallyga ýol berýär. Şeýle-de, döwlet baştutany maliýe resmilerine ýurtda nagt däl hasaplaşyklaryň möçberiniň 40 göterimden ýokary bolmagynyň gazanylmagyny talap etdi.

“Hususy dermanhanalara baranyňda kassada terminal ýok. Terminal diňe barlagçylaryň gelerine gabatlap, oturdylýar” diýip, bir maryly ýaşaýjy gürrüň berdi.

Bu aralykda, Azatlyk Radiosynyň habarçysy 8-nji fewralda ýakyn günlerde Mary welaýatynyň edara-kärhanalaryna Aşgabatdan barjak barlagçylara garaşylýandygyny habar berdi.

Ýöne Azatlyga mälim bolan soňky maglumatlara görä, ýerli ýaşaýjylar barlaglara kän bil baglamaýar. “Olar [barlagçylar] barlag geçirmän, dermanhana eýelerine salgyt salýarlar we şol sebäpden köp hilegärlige göz ýumulýar” diýip, ýagdaýdan habarly bir çeşme Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

Onuň maglumatlaryna görä, dermanhanalarda wagty geçen dermanlara-da duş gelse bolýar. “Dermanhanadan derman satyn alanynda onuň ýaramlylyk möhletine seretmän derman satyn alýan adam köp. Bir dermany alanyňdan soňra, ol derman yzyna kabul edilmeýär. ‘Näsaglar sagalsa razy’ diýip, olaryň hossarlary bir topar bergä batyp, derman almaly bolýarlar” diýip, ýene bir maryly ýaşaýjy Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

Beýleki tarapdan, habarçynyň tassyklamagyna görä, “çykalgasyzlyk” sebäpli gizlin derman satýan hojalyklardan derman satyn almaga isleg bildirýän adamlar hem bar. Gizlin derman söwdasynyň aýratynlygy, ýerli ýaşaýjylara görä, olardan karzyna derman soramaga mümkinçilik bar, ýöne dermanlar has gymmat bahadan satylýar. “Näsaglan adamlar, alaçsyz, has gymmat nyrhdan bolsa-da, derman almaga mejbur bolýarlar” diýip, maryly ýaşaýjy gürrüň berdi. “Hojalyklarda gizlin derman satýan adamlardan ýazga derman sorap barýan adamlar gaty kän” diýip, ol sözüne goşdy.

Azatlyk Radiosy bu maglumatlar boýunça Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginden kommentariýa alyp bilmedi.

Mundan ozal, ýanwaryň ortalarynda Azatlyk Radiosynyň Lebap welaýatyndaky habarçysy bu regionda-da ygtyýarnamasyz derman söwdagärleriniň rowaçlanýandygyny, tapylgysyz dermanlaryň bahalarynyň ýokarlanýandygyny habar berdi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär

XS
SM
MD
LG