Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

'Bol hasyl alýan' Türkmenistan kartoşka importuny artdyrýar


Türkmen bazarlarynda satylýan kartoşkalar
Türkmen bazarlarynda satylýan kartoşkalar

“Türkmenistanyň Hronikasy” Aşgabadyň geçen ýyl Ýewraziýa ykdysady bileleşigine girýän ýurtlardan kartoşka satyn almagyny sekiz esse ýokarlandyrandygyny habar berýär.

Ýewraziýa Ykdysady komissiýasynyň web sahypasynda çap edilen maglumata görä, Türkmenistan 2020-nji ýylda Ýewraziýa Ykdysady Bileleşiginiň ýurtlaryndan eksport edýän käbir önümleriniň möçberini ep-esli ýokarlandyrdy.

Hususan-da kartoşkanyň importy artdy. Geçen ýyl özünde gowy ýeralma hasylyny alandygyny aýdan Türkmenistan bu azyk önüminiň importyna bir ýylda 15,75 million dollar harçlap, 60,3 müň tonna kartoşka satyn aldy.

Bu kartoşkanyň 2019-njy ýyldakydan 8,6 esse köp satyn alnandygyny görkezýär. Türkmenistanlylaryň iýen kartoşkasynyň 70% -e golaýy Russiýadan, 26% -i Gazagystandan we 4% -i Gyrgyzystandan getirildi.

Türkmenistan ençeme ýyl bäri importuň ornuny tutýan önümleri köpeltmek, eksport edilýän önümleri artdyrmak syýasatyny öňe sürýär, azyk bolçulygynyň döredilendigini tassyklaýar. Emma çap edilen maglumatlar Türkmenistanyň beýleki azyk önümleriniň importyny hem azaldyp bilmeýändigini görkezýär.

Mysal üçin, Orsýetden satyn alynýan günebakar ýagy 2,5 esse köpelip, Aşgabat geçen ýyl 36,8 million dollar töläp, 37,6 müň tonna ösümlik ýagyny aldy.

Şekeriň importy bolsa 4,5 esseden gowrak köpeldilip, 65 tonna şeker üçin $24,5 million harçlandy.

Şeýle-de, Türkmenistanyň geçen ýyl bugdaý importuny 30% köpeldendigi, 70,3 müň tonna bugdaýa 15 million dollar töländigi aýdylýar.

Mundan başga, Türkmenistan Orsýetden import edýän mekgejöwenini iki esseden gowrak artdyryp, 8,5 tonna mekgejöwene 2 million dollara golaý pul harçlasa, bugdaý ununa 12,6 million dollar harçlady.

Çap edilen sanlar Aşgabadyň makaron önümlerine 6,3 million, 80% köpeldilen margarine bolsa geçen ýyl 12 million dollar harçlandygyny görkezýär.

Ýöne sanlar Türkmenistanyň bu ýurtlarda az möçberde hem bolsa pomidor eksport edendigini hem tassyklaýar.

XS
SM
MD
LG