Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Belarus, Orsýet ýolbaşçylary Günbataryň basyşlaryna taýynlyk görüp duşuşýarlar


Belarusyň prezidenti Alyaksandr Lukaşenka we Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin Gara deňziň Soçi şäherinde, 2020-nji ýylyň 14-nji sentýabry

Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin we Belarusyň lideri Alýaksandr Lukaşenka 22-nji fewralda Soçide gepleşik geçirerler.

Duşuşyk iki lideriň öz ýurtlaryndaky köpçülikleýin protestler we Günbataryň basyşynyň güýçlenmegi bilen ýüzbe-ýüz bolýan wagtyna gabat gelýär.

Iki ýurduň prezidentleri Gara deňziň boýundaky şäherde geçirýän duşuşygynda beýleki meseleler bilen birlikde ykdysady gatnaşyklar, energiýa, howpsuzlyk we integrasiýa temalaryny ara alyp maslahatlaşarlar.

Duşuşyga gabat Ýewropa Bileleşiginiň Orsýete we belki Belarusa garşy täze sanksiýalary kabul etmegine garaşylýar.

ÝB Belarusa garşy sanksiýalary ýurtda awgust aýynda geçirilen saýlawdan bäri parahatçylykly demonstrantlaryň, oppozisiýanyň we habar beriş serişdeleriniň zorlukly repressiýalara sezewar edilmegine jogap hökmünde yzygiderli girizýär.

Putin bilen Lukaşenkanyň iň soňky gezek geçiren ikiçäk duşuşygy geçen ýylyň sentýabr aýynyň ortalarynda Soçide boldy, Belarus şonda öz ykdysadyýetini goldamak üçin 1,5 milliard dollar karz aldy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG