ABŞ 22-nji fewralda Birmadaky harby agdarylyşyk bilen ilteşikli ýene iki generala garşy sanksiýalary girizýändigini yglan etdi, şeýle-de protestçilere garşy gazaplylyga jogapkärlere garşy ýene çäre görjekdigini duýdurdy.
Soňky gadagançylyklaryň çäginde iki generala ABŞ girmek gadagan edilýär we olaryň Birleşen Ştatlardaky emläkleri doňdurylýar.
Birleşen Ştatlar häzire çenli Birmanyň iş başyndaky we ozalky generallarynyň 10 sanysyna garşy gadagançylyklary girizipdi.
Döwlet sekretary Antoni Blinken aýratyn beýanat bilen çykyş edip, ABŞ-nyň “gazaplylyga baş goşýanlara we adamlaryň erkini basyp ýatyrýanlara garşy mundan beýläk hem çäre görmekden çekinmejekdigini” belledi.
Blinken harbylara we polisiýa ýüzlenip, parahatçylykly protestçilere garşy ähli hüjümleri bes etmäge, şeýle-de bikanun tussag edilenleriň ählisini azatlyga goýbermäge çagyrdy.
Mundan öň, Ýewropa Bileleşigi Biramanyň harbylaryna degişli bolup biljek bizneslere garşy sanskiýalary göz öňünde tutýandygyny mälim edipdi.
22-nji fewralda Birmada köpçülikleýin iş taşlaýyş yglan edildi.
Resmileriň adamlaryň ýörişlere gatnaşmazlygy barada duýduryş bermegine garamazdan, 23-nji fewralda ýene protestleri geçirmek göz öňünde tutulýar.