Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Tihanowskaýa belaruslary 25-nji martda köpçülikleýin proteste çykmaga çagyrdy


Belarus oppozisiýa lideri Swetlana Tihanowskaýa
Belarus oppozisiýa lideri Swetlana Tihanowskaýa

Belarus oppozisiýa lideri Swetlana Tihanowskaýa belaruslara ýüzlenip, 26-njy martda ýene köçelere çykyp, ýurdy 1994-nji ýyldan bäri dolandyryp gelýän Aleksandr Lukaşenka garşy protestlere çykmaga çagyrdy.

22-nji fewralda özüniň Telegram kanalynda ýerleşdiren beýanatynda Tihanowskaýa Lukaşenkanyň soňky aýlaryň dowamynda “Belarusda aýylganç krizise sebäp bolmak bilen birlikde, ýurduň garaşsyzlygyna hem uly wehim salýandygyny” belledi.

“[Lukaşenka] karzlaryň we goldawyň öwezine, Belarusy bölek-bölek satmak isleýär” diýip, Tihanowskaýa şol gün Lukaşenkanyň rus prezidenti Wladimir Putin bilen geçiren gepleşiklerini göz öňünde tutup, beýanatynda nygtady.

Putin 9-njy awgustdaky prezidentlik saýlawlarynda Lukaşenkanyň ýeňiji diýlip yglan edilmeginden soňra dörän protestleriň arasynda, Lukaşenkany açyk görnüşde goldady.

Tihanowskaýa 25-nji martda belaruslaryň resmi bolmadyk Dzen Woli, ýagny Azatlyk Gününi belleýändigini ýatlatdy. Bu gün 1918-nji ýylda bir ýyldan hem az dowam eden Belarus Halk Respublikasynyň ýyl dönümi ýatlanýar.

XS
SM
MD
LG