Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Owgan marşaly Raşid Dostum Aşgabatda türkmen baş diplomaty Raşid Meredow bilen duşuşdy


Owganystanyň Milli Yslam Hereketi partiýasynyň lideri Abdul Raşid Dostum Aşgabada sapar edip, Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen duşuşdy. 22-nji fewral, 2021 ý. Aşgabat ş.
Owganystanyň Milli Yslam Hereketi partiýasynyň lideri Abdul Raşid Dostum Aşgabada sapar edip, Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen duşuşdy. 22-nji fewral, 2021 ý. Aşgabat ş.

22-nji fewralda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Aşgabada iş sapary bilen baran Owganystanyň Milli Yslam Hereketi partiýasynyň ýolbaşçysy Abdul Raşid Dostum bilen duşuşdy. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi habar berýär.

Duşuşygyň dowamynda “taraplar energetika, kommunikasiýa, ulag we beýleki ugurly taslamalaryň dessin durmuşa geçirilmegi babatynda bilelikdäki tagallalaryň utgaşdyrylmagyna ygrarlydyklaryny nygtadylar” diýip, maglumatda aýdylýar.

Türkmen daşary syýasat edarasy duşuşykda TOPH gaz geçirijisiniň, TOP elektrik geçirijisiniň, hem-de Türkmenistandan Owganystana täze demir ýollarynyň çekilmegi ýaly taslamalaryň öz wagtynda we talabalaýyk durmuşa geçirilmegine özara gyzyklanma bildirilendigini aýdýar.

Galyberse-de, söhbetdeşligiň dowamynda türkmen wekiliýeti owganara gepleşikleriniň geljekki tapgyrlarynyň geçirilmegi üçin öz syýasy giňişligini bermäge taýýardygyny ýene-de bir gezek tassyklapdyr.

Mundan ozal, owgan marşaly Abdul Raşid Dostum 21-nji dekabrda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajiýew bilen telefonda gürleşipdi.

Öňki meýdan komandiriniň Aşgabada eden sapary “Talyban” wekilleriniň Aşgabada sapar edip, türkmen daşary syýasat başlygy bilen geçiren duşuşygynyň yz ýanyna gabat gelýär.

Munuň bilen, resmi Aşgabat fewral aýynda pandemiýanyň fonunda iki gezek Owganystandan myhman kabul etdi.

Iki hepde gowrak mundan ozal, 6-njy fewralda “Talyban” hereketiniň syýasy edarasynyň ýolbaşçysy Molla Abdul Gani Baradaryň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet türkmen paýtagtynda Türkmenistanyň daşary syýasat başlygy Raşid Meredow bilen duşuşdy.

“Talybanyň” wekili Mohammad Suhail Şahin duşuşykdan soň eden metbugat çykyşynda Türkmenistanyň TOPH we TOP ýaly halkara taslamalarynyň durmuşa geçirilmegine özleriniň goldaw bildirýändiklerini mälim etdi.

Ol öz çykyşynda Türkmenistanyň Ministrler kabinetiniň başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow hem-de onuň wekiliýeti bilen geçirilen gepleşikleriň açyk we dostlukly bolandygyny, özleriniň "Bitarap Türkmenistanyň Owganystan babatynda alyp barýan syýasatyna", şeýle-de goňşy ýurduň "häzirki wagtda dowam edýän we geljekde hem beriljek köpýyllyk syýasy we ykdysady goldawyna" oňyn baha berendiklerini aýtdy.

"Türkmenistan, musulman, goňşy, Bitarap döwlet bolmak bilen, uzak ýyllaryň dowamynda Owganystanda parahatçylygyň ýola goýulmagyna we ýurduň ösüşine gönükdirilen başlangyçlar bilen yzygiderli çykyş edýär" diýip, Mohammad Suhail Şahin öz hereketiniň döwletiň çäginde durmuşa geçirilýän ähli milli taslamalaryň goraglylygyny üpjün etmek arkaly, owgan halkynyň abadançylygyna we ýurduň ösüşine saldamly goşant goşmaklyga çalyşýandygyny belledi.

Emma synçylar, hususan-da žurnalistler Brýus Panniýer bilen Abubakar Syddygyň bu duşuşygyň “syrlylygyna” bagyşlanan uly göwrümli synynda “Talybanyň” beren wadasynyň ygtybarlylygy sorag astyna alyndy.

“Talyban” bilen türkmen wekiliýetiniň Aşgabatda duýdansyz geçiren duşuşygy Amerikan mediasynda bu maslahata ABŞ-nyň ýardam berip-bermändigi barada sorag döretdi.

Döwlet departamenti Aşgabatdaky maslahata özleriniň ýardam berendigini ret etdi.

ABŞ-nyň Döwlet departamenti “Talyban” wekilleri bilen Aşgabatdaky resmileriň arasynda TOPH taslamasy barada edilen maslahata ýardam berendigini ret etdi diýip, 19-njy fewralda “Newsweek” neşiri habar berdi.

Uzynlygy 1840 kilometre barabar boljak TOPH gaz geçirijisi arkaly Türkmenistan ýylda 33 milliard kub metr tebigy gazy Owganystana, Pakistana we Hindistana ibermegi maksat edinýär. Häzirki wagtda gaz geçirijiniň iň soňky barjak nokadynyň Hindistanyň Fazilka şäheri boljakdygy göz öňünde tutulýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň gizlinligini doly kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG