Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ “Talybanyň” Aşgabatdaky gepleşiklerine 'ýardam berendigini' ret edýär 


Aşgabat. "Talyban" gepleşikçileri
Aşgabat. "Talyban" gepleşikçileri

Prezident Jo Baýden işe başlan ilkinji gününde Kanadadan ABŞ-nyň Nebraska şäherine çenli çekiljek “Keystone XL” geçirijisiniň gurulmagyna berlen rugsatlary ýatyrdy we bu ýagdaý adminstrasiýanyň “Talyban” bilen işleşip, TOPH geçirijisiniň gurulmagyna kömek bermeginiň tankytlanmagyna getirdi.

Jo Baýdeniň Döwlet departamenti “Talybanyň” Türkmenistanda geçiren gepleşiklerine gatnaşygyny inkär edýär

ABŞ-nyň Döwlet departamenti “Talyban” wekilleri bilen Aşgabatdaky resmileriň arasynda TOPH taslamasy, Türkmenistandan Owganystana, Pakistana we Hindistana gaz eltmeli geçiriji barada edilen maslahata ýardam berendigini ret etdi diýip, Newsweek.com 19-njy fewralda habar berdi.

Neşir ABŞ-nyň TOPH diýilýän taslamany uzak wagtlap goldandygyny, şol bir wagtda, PolitiFactyň maglumatyna görä, Klinton, Obama we Tramp administrasiýalarynyň goldawyna garamazdan, ABŞ-nyň oňa hiç bir serişde harçlamandygyny belleýär.

Bu taslama 1995-nji ýylyň mart aýynda Pakistan bilen Türkmenistanyň hökümetleriniň arasynda özara düşünişmek jarnamasyna gol çekilmegi bilen başlandy we onuň gurluşygy şu wagta çenli amala aşman gelýär.

"Таlyban" hereketiniň syýasy edarasynyň ýolbaşçysy Molla Abdul Gani Baradaryň baştutanlygyndaky wekiliýet Aşgabatda ýurduň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçylary bilen duşuşdy diýip, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň web sahypasy 6-njy fewralda habar berdi.

"Таlybanyň" syýasy edarasynyň we gepleşikler toparynyň wekili Mohammad Suhail Şahin Türkmenistanyň Ministrler kabinetiniň başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Reşit Meredow hem-de onuň wekiliýeti bilen geçirilen gepleşikleriň açyk we dostlukly bolandygyny, özleriniň "Bitarap Türkmenistanyň Owganystan babatynda alyp barýan syýasatyna", şeýle-de goňşy ýurduň "häzirki wagtda dowam edýän we geljekde hem beriljek köpýyllyk syýasy we ykdysady goldawyna" oňyn baha berendiklerini aýtdy.

"Türkmenistan, musulman, goňşy, Bitarap döwlet bolmak bilen, uzak ýyllaryň dowamynda Owganystanda parahatçylygyň ýola goýulmagyna we ýurduň ösüşine gönükdirilen başlangyçlar bilen yzygiderli çykyş edýär" diýip, Mohammad Suhail Şahin öz hereketiniň döwletiň çäginde durmuşa geçirilýän ähli milli taslamalaryň goraglylygyny üpjün etmek arkaly, owgan halkynyň abadançylygyna we ýurduň ösüşine saldamly goşant goşmaklyga çalyşýandygyny belledi.

Emma synçylar, hususan-da žurnalistler Brýus Panniýer bilen Abubakar Syddygyň bu duşuşygyň “syrlylygyna” bagyşlanan uly göwrümli synynda “Talybanyň” beren wadasynyň ygtybarlylygy sorag astyna alyndy.

Olar "Talybanyň" bu hili beýanatlary ozalam edendigini, şol sanda metbugat wekili Zabihullah Mujahidiň 2016-njy ýylyň noýabr aýynda "Talyban" diňe bir halkyň bähbidine bolup, milletiň ösüşine we gülläp ösmegine sebäp boljak ähli milli taslamany goldamak bilen çäklenmän, eýsem olary goramaga hem ygrarly” diýendigini belläp, şol ýylyň ýanwar we fewral aýlarynda Owganystanyň demirgazygynda Täjigistandan we Özbegistandan elektrik toguny getirýän simleri kesendigini ýatlatdylar.

"Talybanyň" 2016-njy ýylda beren wadasyndan soň, prezidentiň metbugat sekretarynyň orunbasary Şah Huseýin Murtazawi “Talyban” toparynyň bu wadany bermezinden birnäçe aý öň 302 mekdebi, 41 saglyk öýüni, 50 metjidiň minarasyny, 5305 ýaşaýyş jaýyny, 1818 dükany, hökümet binasyny, alty köprini ýumrandygyny, 11 welaýatda 293 geçelgäni we 123 kilometr ýoly ýykandygyny we zaýalandygyny aýtdy.

Aşgabatdaky gepleşikler Pentagonyň "Talyban" toparynyň geçen ýyl ABŞ bilen baglaşan Owgan parahatçylyk ylalaşygy esasynda öz üstüne alan borçnamalaryny ýerine ýetirmeýändigini aýdan wagtynyň yz ýanyna gabat geldi.

Prezident Jo Baýden 20-nji ýanwarda işe başlan ilkinji gününde Kanadadan ABŞ-nyň Nebraska şäherine çenli çekiljek “Keystone XL” geçirijisiniň gurulmagyna berlen rugsatlary ýatyrdy diýip, amerikan neşiri bu ýagdaýyň Baýden adminstrasiýasynyň “Talyban” bilen işleşip, TOPH geçirijisiniň gurulmagyna kömek bermeginiň tankytlanmagyna getirendigini belleýär.

“Washington Examinerde” Baýden adminstarasiýasynyň Aşgabatda bolan duşuşyga kömek edendigi baradaky pikir peýda bolandan soň, Döwlet departamentiniň metbugat wekili “Newsweek” neşirine beýanat iberip, bu aýdylýanlary ret etdi.

Synçylar TOPH taslamasynyň durmuşa geçirilmegine sebitdäki durnuksyzlygyň, hususan-da Owganysatnda saklanyp galýan howpsuzlyk ýagdaýlarynyň we Aşgabadyň maliýe kynçylyklarynyň bökdençlik döredendigini aýdýarlar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň gizlinligini doly kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG