Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

“Ýörite gulluklar Süleýmanyň hossarlaryny sem etmäge we maglumatyň syzmazlygyny gazanmaga synanyşar”


Illýustrasiýa suraty.

Ýaş türgen Süleýman Tursunbaýewiň biwagt ölümi baradaky habarlaryň fonunda türkmen aktiwistleri ýerli häkimiýetleriň mundan ozalky tejribelerine esaslanyp, merhumyň hossarlaryna gözegçiligi güýçlendirjekdigini aýdýarlar.

Adam hukuklary boýunça türkmen inisiatiwasy toparynyň ýolbaşçysy Farid Tuhbatullin 17-nji fewralda “Häzirki zaman” telekanalyna beren interwýusynda türgeniň ölüminiň töweregindäki maglumatlaryň syzmazlygyny gazanmak üçin türkmen häkimiýetleriniň onuň hossarlaryna garşy görmegi ahmal çäreleri barada gürrüň berdi:

“Olar işleýän bolsalar, işde kynçylyk çekerler. Koronawirus sebäpli ýapylan serhetleriň açylmagyndan soň hem olaryň ýurtdan başga ýere gitmejegi gaty ähtimal. Şeýle-de, olaryň beýleki ýakyn garyndaşlarynyň hem basyşa sezewar bolmagy ähtimal. Indi olaryň, ýagny ýörite gulluklaryň esasy wezipesi, olaryň agzyny ýapmak we şol tarapdan hiç bir maglumatyň syzmazlygyny gazanmak bolar” diýip, adam hukuklaryny goraýjy 17-nji fewralda “Häzirki zaman” telekanalyna beren interwýusynda aýtdy.

Türkmen dilli käbir sosial media hasaplary we garaşsyz neşirler golaýda Ahal welaýatynyň çäginde ýerleşýän bir sport mekdebinde tälim alýan 14 ýaşly ýetginjegiň, Süleýman Tursunbaýewiň bir bäsleşikde gazanan ýeňşinden soňra näbelli adamlar tarapyndan urlup-ýenjilendigini hem-de urgulardan alan şikesleriniň netijesinde onuň aradan çykandygyny habar berdiler.

Bu habarlaryň arasynda özüni ýaş ýetginjegiň ene-atasy diýip tanyşdyran Tursunabaýewleriň wideo ýüzlenmesi bir YouTube kanalynda ýerleşdirildi. Wideoda özlerini ýaş türgeniň hossarlary diýip tanyşdyran adamlar häkimiýetlere ýüzlenip, jenaýatçylaryň tapylmagyny hem-de olaryň agyr jezalandyrylmagyny talap etdiler.

Garaşsyz habar saýtlarynyň arasynda Tursunbaýewiň biwagt ölümi barada ilkinji bolup, 15-nji fewralda Turkmen.news neşiri habar berdi. Neşiriň habaryna görä, bir sport bäsleşiginiň öňýany, Süleýman Tursunbaýewe ýaryşda öz garşydaşyndan ýeňilmek yşarat edildi, ýöne ol yşaratlara düşünmän, ýa-da olara boýun egmän garşydaşyndan üstün çykdy; wakadan soň, näbelli ýaş adamlar ony bir ýerlere äkidip, urup-ýençdi, ýaş ýetginjek urgulardan alan şikesleri bilen aradan çykdy.

Bu iş boýunça türkmen häkimiýetleriniň jenaýat işini açandyklary ýa-da däldikleri nämälim galýar. Şeýle-de, biwagt ölümiň töwereginde heniz jogaplanmadyk birnäçe sorag bar.

Bu aralykda, şum habar sosial mediada hereket edýän oppozision toparlaryň we aktiwistleriň arasynda gahar-gazap döretdi. Olar özleriniň sosial media çykyşlarynda türkmen häkimiýetlerinden jenaýatyň derňelmegini talap edip, merhumyň hossarlaryna gynanç sözlerini beýan edýärler.

Turkmen.news neşiri 19-njy fewralda ABŞ-da ýaşaýan türkmenistanly raýatlaryň BMG-niň Nýu-Ýorkdaky baş binasynyň öňünde 14 ýaşly ýetginjegiň ölümi boýunça protest aksiýasyny geçirmegi meýilleşdirýändiklerini habar berdi. Aktiwistler häkimiýetlerden Süleýmanyň garşydaşynyň şahsyýetiniň mälim edilmegini we onuň töweregindäki meseleleriň aýdyňlaşdyrylmagyny talap ederler.

Türkmenistanyň hökümeti ýaş ýetginjegiň biwagt ölümi barada beýanat bilen çykyş etmeýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň gizlinligini doly kepillendirýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG