Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ýaş pälwanyň duçar bolan ykbalyna türkmen sportçylary raýdaşlyk bildirýärmi?


Illýustrasiýa suraty.
Illýustrasiýa suraty.

Fewralyň üçünji hepdesinde türkmen dilli Internet giňişligi hem-de garaşsyz habar serişdeleri türkmenistanly bir ýaş pälwanyň ölümi baradaky habarlar bilen sarsyldy.

Habarlara görä, Ahal welaýatynyň ýaş olimpiýaçylary taýýarlaýan sport mekdep-internatynda tälim alýan Köneürgenç etrabynyň ýaşaýjysy, 14 ýaşly Süleýman Tursunbaýew gümürtik şertlerde aradan çykdy.

Onuň ölüminiň töweregindäki birnäçe sorag heniz hem jogapsyz galýar.

Düýbi Gollandiýada ýerleşýän Turkmen.news neşiriniň redaksiýasy 18-nji fewralda sport mekdebiniň administrasiýasyndan kommentariýa almagy başardy.

Ýöne ýaş pälwanyň ölümi boýunça mekdep administrasiýasynyň öňe sürýän beýanatlary köpleri kanagatlandyrmady. Mekdep resmisi pälwanyň dişini sogurdandan soňra näsaglandygyny, öýüne ugradylandygyny we soňra özlerine onuň ölüm habarynyň gelip gowuşandygyny öňe sürdi.

Tursunbaýewiň ýaşaýan ýeri onuň tälim alýan mekdebinden 500 kilometr töweregi aradaşlykda ýerleşýär.

Garaşsyz neşiriň habarlaryna görä, wakanyň ýene bir wersiýasy bar: oňa görä, Tursunbaýew bir sport bäsleşigine gatnaşýar. Ýaryşyň öňüsyrasynda oňa öz garşydaşyndan ýeňilmek boýunça görkezme berilýär. Ýöne pälwan garşydaşyndan üstün çykýar, ýeňiji bolýar; munuň yzýany näbelli ýaş adamlar Tursunbaýewi aýdylmaýan bir ýere äkdip, urup-ýençýär. Habara görä, ýaş pälwan urgulardan alan agyr şikesleriniň netijesinde Köneürgenjiň bir hassahanasynda aradan çykýar.

Mekdep resmisi ýaryş baradaky maglumatlary ret edýär, pandemiýa sebäpli mekdepde ähli sport bäsleşikleriniň togtadylandygyny öňe sürýär.

Türkmen häkimiýetleri bu heläkçilikli waka barada jenaýat işiniň gozgalyp-gozgalmandygyny aýtmaýarlar.

Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrligi ýaş pälwanyň keç ykbaly barada jemgyýetçilikde dörän soraglaryň arasynda hiç hili beýanat bilen çykyş etmeýär.

Dünýä Türkmenleriniň bu sany pajygaly wakanyň töweregindäki jogapsyz soraglara aralaşmaga synanyşýar we türkmen sportynyň häzirki ýagdaýyndan söz açýar. Gepleşigimize Azatlyk Radiosynyň žurnalisti, başa-baş göreş sungaty boýunça halkara sport ýaryşlarynyň ýeňijisi Merdan Saryýew gatnaşýar.

Ýaş pälwanyň duçar bolan ykbalyna türkmen sportçylary raýdaşlyk bildirýärmi?
please wait

No media source currently available

0:00 0:15:00 0:00

XS
SM
MD
LG