Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

"Türkmenhowaýollary" halkara uçar gatnawlarynyň ýatyrylmagyny martyň ahyryna çenli uzaltdy


"Türkmenhowaýollarynyň" uçary

“Türkmenhowaýollary” kompaniýasynyň Russiýadaky wekilhanasy koronawirus pandemiýasy sebäpli ähli halkara uçar gatnawlarynyň togtadylmagynyň 31-nji marta çenli uzaldylýandygyny habar berýär.

Mundan ozal, kompaniýanyň halkara gatnawlary 28-nji fewrala çenli ýatyryldy. Soňky bildiriş bilen howa ýollary kompaniýasy eýýäm bir ýyl töweregi wagt bäri pandemiýa sebäpli halkara uçuşlary amala aşyrmaýar.

Milli daşaýjynyň Russiýadaky wekilhanasynyň web-saýty satyn alnan biletletiň 2021-nji ýylyň 31-nji dekabryna çenli öz güýjüni saklajakdygyny habar berýär.

Iki hepde töweregi mundan ozal döwlet metbugaty “Türkmenhowaýollarynyň” Boeing B777-200LR ýolagçy uçary arkaly Pekine we Frankfurta ýük gatnawlaryny ýola goýýandygyny habar berdi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG