Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ Yrakdaky raketa hüjümlerinde günäkärlenýän milisiýa toparlaryna zarba urdy


ABŞ-nyň döwlet sekretary Lloýd Austin
ABŞ-nyň döwlet sekretary Lloýd Austin

Birleşen Ştatlar Siriýanyň gündogarynda Eýran tarapyndan goldanýan söweşijiler tarapyndan ulanylýan desgalary nyşana aldy diýip, Pentagon aýtdy.

Goranmak departamenti 25-nji fewralda bu zarbalaryň şu aýyň başynda ABŞ-nyň we koalisiýa goşunlarynyň Yrakda ýerleşýän bazasyna edilen raketa hüjümlerine jogap hökmünde urlandygyny aýtdy.

"Bu operasiýa ikuçsyz habar iberýär: Prezident [Jo] Baýden amerikan we koalisiýa işgärlerini goramak üçin hereket eder" diýip, Pentagon aýtdy.

Beýanatda aýdylmagyna görä, zarbalar siriýa-yrak serhedinde ýerleşýän gözegçilik nokadyndaky desgalaryň "bir toparyna” baryp urupdyr. Bu desgalaryň Eýran tarapyndan goldanýan birnäçe milisiýa topary, şol sanda Kaitib Hizballah we Kaitib Saýyid al-Şuhada ýaly şaýy toparlary tarapyndan ulanylýandygy aýdylýar.

Pentagon milisiýa toparlarynyň ýitgilerini ýa-da anyk haýsy desgalara hüjüm edilendigini aýtmady.

Emma uruş gözegçisi, Siriýanyň Adam hukuklary obserwatoriýasy Yrak döwleti bilen baglanyşykly Halk mobilizasiýa bölümleriniň (PMU) 17 agzasynyň öldürilendigini, olaryň Yrakdan gelýän ok-däri ýüklenen üç sany ýük awtoulagyna urlan zarba netijesinde heläk bolandygyny aýtdy.

Halk mobilizasiýa bölümleri esasan şaýy milisiýa toparlaryndan ybarat harby güýç bolup durýar. Bu zarbalar soňky wagtda urlan üç sany raketa hüjüminden soň urulldy.

XS
SM
MD
LG