Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kongresiň aşaky palatasy ABŞ-nyň $2 trillion çemesi goldaw planyny tassyklady. Köp amerikala $1400 berler


Halas ediş plany sanjym satyn alyşlarynyň köpelmegini hem göz öňünde tutýar.
Halas ediş plany sanjym satyn alyşlarynyň köpelmegini hem göz öňünde tutýar.

ABŞ Kongresiniň aşaky palatasy täze prezident Jo Baýdeniň toparynyň ýurduň ilatyny we ykdysadyýetini goldamak boýunça teklip eden planyny tassyk etdi.

Bu hökümet üçin 2 trillion dollar töweregi çykdajy bolar.

Teklip edilýän çäreleriň arasynda amerikalylaryň köpüsine 1400 dollar kömek puluny bermek, ýurtdaky iň pes aýlyk haklaryny iki esse ýokarlandyrmak we sagatda 15 dollar iş hakyny girizmek hem-de kärhanalar üçin tölegler bar.

219 kongresmen kömek çärelerini goldamak üçin ses berdi, 212 adam garşy çykdy.

Indi teklip edilýän çäreler Senat tarapyndan tassyklanmaly. Ol ýerde demokratlar bilen respublikanlar deň derejede bölünýär, ýöne goldaýanlar we garşy çykýanlar deňeçer bolsa, çözüji ses wise-prezident Kamala Harrise degişli bolar.

Aşaky palata tarapyndan kabul edilen halas ediş plany sanjym satyn alyşlarynyň köpelmegini, zyýan çeken telekeçilige gönükdirilen anyk goldawy, işsizlik boýunça kömek pullaryny hepdede 400 dollar we çagalar üçin aýda 300 dollar kömek bermegi göz öňünde tutýar.

XS
SM
MD
LG