Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

COVID-19: Çäklendirmeleriň möhleti uzaldyldy, waksinanyň nobatdaky tapgyry geldi


Ýüzi gorag maskaly raýatlar. Aşgabat. Fewral, 2021 ý.

Türkmenistanda welaýatara we şäherara awtobus gatnawlaryna girizilen çäklendirmeler ýene bir aý möhlet bilen uzaldyldy. Şol bir wagtda, iki ugur boýunça, öňünden degişli rugsatlary almak şerti bilen, synag gatnawlary ýola goýuldy. Türkmenabadyň aeroportyna “Sputnik V” waksinasynyň ýene bir tapgyry geldi. Türkmen häkimiýetleri heniz hem koronawirusyň ýeke hadysasyny resmi taýdan hasaba almadylar. Bu aralykda, prezidentiň COVID-19-yň Türkmenistanda “örän çylşyrymly” ýagdaýlary ýüze çykarandygy baradaky sözleri resmi maglumatdan aýryldy.

“Türkmenawtoulaglary” agentligi welaýatara we şäherara awtobus gatnawlary boýunça girizilen wagtlaýyn çäklendirmäniň möhletiniň ýene bir aý möhlet bilen, ýagny 1-nji aprele çenli uzaldylýandygyny mälim etdi.

COVID-19-dan “azatdygyny” öňe sürýän türkmen häkimiýetleri geçen ýylyň iýulyndan bäri dürli gadagançylyklary, şol sanda halkara we içerki gatnaw çäklendirmelerini girizdiler. Türkmenistanyň hökümeti bulary gönümel koronawirus pandemiýasy bilen baglanyşdyrman, olaryň “ýokanç keselleriň öňüni alyş çäreleriniň çäginde” geçirilýändigini öňe sürýärler we olaryň möhletini dowamly uzaldyp gelýärler.

Bu aralykda, “Türkmenawtoulaglary” agentligi, synag hökmünde, hepdede iki gezek Aşgabat–Daşoguz we Daşoguz–Aşgabat ugurlary boýunça awtobus gatnawynyň ýola goýulýandygy mälim etdi. Bu gatnawlaryň “bildirilýän talaplary berjaý etmek şerti bilen” amal ediljekdigi aýdylsa-da, bularyň jikme-jikleri barada maglumat berilmedi.

Azatlyk Radiosy “Türkmenawtoulaglary” agentligi bilen habarlaşanda, degişli resmi her hepdäniň duşenbe we penşenbe günleri Aşgabat-Daşoguz, sişenbe we anna günleri Daşoguz-Aşgabat ugurlary boýunça awtobus gatnawynyň bardygyny aýtdy.

Şol bir wagtda, resmi bu gatnawlardan peýdalanmakçy bolýan raýatlaryň özlerine degişli saglyk öýlerinden kepilnama we degişli häkimliklerinden rugsatnama almaly boljakdyklaryny hem sözüne goşdy.

Bu aralykda, 28-nji fewralda Russiýadan Türkmenabadyň aeroportyna “Sputnik V” waksinasynyň ýene bir tapgyry gelip gowuşdy. Bellesek, koronawirus pandemiýasy başlaly bäri ýurduň gündogaryndaky howa menzili Türkmenistanyň ýeke-täk halkara howa portuna öwrüldi. Howa gatnawy çäklendirilenden soň ähli ýük we ýolagçy gatnawlary Türkmenabat şäheriniň üstünden geçýär.

“Ýekşenbe güni 21:00-da Moskwadan gelen, bortunda diplomatiki wekiller, rus kärhanalarynyň hünärmenleri bolan Boeing uçary gondy. Ol uçar bilen 550 kilogram ‘Sputnik V’ waksinasy hem getirildi. Ozalky gezeklerde hem bolşy ýaly, sanjymlaryň ählisini Aşgabada ugratmak göz öňünde tutulýar” diýip, bu ýagdaýlardan habarly çeşme anonimlik şertinde habarçymyza 1-nji martda gürrüň berdi.

Çeşme gelen bu uçar bilen 100-den gowrak adamyň, esasan rus raýatlygy bolanlaryň Russiýa uçup gidendigini hem sözüne goşdy.

1-nji martda Russiýa Federasiýasyň Aşgabatdaky ilçihanasynyň özüniň Twitter hasabynda ýerleşdiren maglumatyna görä, ilçihananyň guramaçylygyndaky 28-nji fewraldaky bu uçuşdan 173 adam peýdalanypdyr.

Ýatlatsak, geçen anna güni “Türkmenhowaýollary” kompaniýasynyň Russiýadaky wekilhanasy koronawirus pandemiýasy sebäpli ähli halkara uçar gatnawlarynyň togtadylmagynyň 31-nji marta çenli uzaldylandygyny habar beripdi.

Türkmen häkimiýetleri ýurtda COVID-19-a ýolugýanlar, ondan heläk bolýanlar barada gowuşýan aladaly maglumatlara garamazdan, şeýle-de bu ýokunjyň bütin dünýäde pandemiýa diýilp yglan edilmeginden bäri bir ýyl çemesi wagtyň geçendigine garamazdan, häzirki güne çenli onuň ýeke ýagdaýyny hem hasaba almadylar.

Şol bir wagtda, prezident Gurbanguly Berdimuhamedow geçen hepde deputatlar bilen geçiren duşuşygynda COVID-19-yň Türkmenistanyň halkyna hem “garaşylmadyk, örän çylşyrymly ýagdaýlary ýüze çykarandygyny” boýun alypdy. Ol ölüm howply ýokunjyň dünýä ykdysadyýetine ýetiren täsirleri barada käbir anyk sanlary getirip gürrüň etse-de, onuň Türkmenistana we ilata ýetiren “çylşyrymly” ýagdaýlary barada jikme-jik maglumat bermedi.

Bellemeli ýeri, Türkmen Döwlet Habarlar gullugunyň bu baradaky resmi maglumatynda Berdimuhamedowyň koronawirusyň Türkmenistana hem täsir ýetirendigi baradaky sözleri aýrylypdyr. Ýogsa, anna güni gürrüňi gidýän bu resmi makalada ol sitata dolulygyna ýerleşdirilipdi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG