Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Aşgabatda garrylara COVID-19 garşy sanjym teklip edilýär, Maryda polisiýa maskasyz mekdep okuwçylaryny tutýar


Türkmenistan Döwlet telewideniýesiniň COVID-19 keseline garşy "Sputnik V" rus waksinasynyň ýurda getirilmegi baradaky gepleşiginden pursat, 2021-nji ýylyň 29-njy ýanwary

Koronawirusy henizem resmi taýdan hasaba almadyk Türkmenistanda COVID-19 keseline garşy waksinasiýanyň dowamynda paýtagtda gartaşan adamlara waksina etmek teklip edilip başlandy. Maryda bolsa hökmany maska dakynmak talabyny bozýanlary tutmak üçin mekdeplerde reýd geçirilýär.

Aşgabat şäheriniň garry ýaşaýjylaryna koronawirusa garşy waksina hödürlenip başlandy. Hususan-da, 5-nji saglyk öýünde degişli 1-nji we 2-nji etrapçalaryň käbir ýaşaýjylaryna waksinasiýa barada öýlerine jaň edilip çakylyk berildi. Bu barada 24-nji fewralda Azatlygyň Aşgabatdaky habarçylary habar berdiler.

Olaryň sözlerine görä, bu medisina edarasynda Orsýetiň "Sputnik V"waksinasy edilýär. Sanjym etdirmek üçin başda rentgen barlagyndan geçmek talap edilýär.

Mundan başga-da, häzirki wagtda milli howa ýollarynyň işgärlerine, pilotlara stuardessalara koronawirusa garşy waksina edilýär.

Häzirki wagtda ýurtda koronawirusyň alamatlary bilen geçýän keselçiligiň ýokary derejesi saklanýar.

24-nji fewralda habarçylar paýtagtyň 55-nji mekdebiniň okuwçylarynyň we mugallymlarynyň arasynda kesellänleriň köpdügini habar berdiler. Şu sebäpden mugallymlaryň ýetmezçiligi döräp, ozal kiçiräk klaslara bölünen synplar indi birleşdirilýär.

Türkmenistan fewral aýynyň başynda koronawirusa garşy sanjym edip başlady. Birbada COVID-19 garşy iki sany rus waksinasyny hasaba alan ýurduň häkimiýetleri waksinasiýanyň başlandygyny resmi taýdan yglan etmediler.

Şu güne çenli paýtagtda birnäçe lukmançylyk edaralarynyň işgärleri, kanun goraýjy edaralaryň we howpsuzlyk edaralarynyň işgärlerine, şeýle hem köp sanly adam bilen işleýän döwlet edaralarynyň işgärlerine waksina edildi. Azatlygyň habarçylary we çeşmeleri waksinasiýanyň welýatlara henizem ýetmändigini habar berdiler.

Şu günler welaýatlarda ilatyň maska dakynmak düzgünlerini berjaý edişine berk gözegçilik dowam edýär.

Mary welaýatynyň polisiýasy maskalaryň dogry dakynmagyna gözegçilik etmekde işjeňlik görkezýär. Azatlygyň ýerli habarçylary şu hepdäniň başyndan bäri welaýatdaky bilim edaralarynda reýdleriň ýygjamlaşandygyny habar berýärler.

Baýramalydaky 4-nji mekdepde polisiýa koridorlarda we hajathanalarda okuwçylaryň maskalaryny barlaýar we jenaýatçylary tutýar. Tutulanlaryň ene-atalary mekdebe çagyrylyp jerime töledilýär. Jerimäniň mukdary 100 manat.

Ene-atalaryň köpüsi bolup geçýän zatlara gaharlaryny aç-açan beýan edýärler.

"Bir ene çaganyň hemişe maska bilen ýöreýändigini öňe sürüp, jerime talap edilmesine gaharlandy. 'Ol gepläninde maskasy süýşendir, indi näme etmeli, munuň üçin nädip jerime salyp bilersiňiz'-diýip, aýal gaharlandy. Ol jerime tölemäge pulunyň ýokdugyny aýtdy. Şonda polisiýa işgäri özüniň günde 4 düzgüni bozan adamy tutmaga borçludygyny aýdyp, jerimäni hasaba alyp ony özüniň tölejekdigini söz berdi" diýip, wakanyň bir şaýady adynyň aýdylmazlygy şerti bilen Azatlyga gürrüň berdi.

Azatlygyň habarçylary mundan ozal tutuş ilatyň maskalary dakynýandygyna garamazdan, maskasyz adamlary tutmak boýunça gündelik plany bolan polisiýanyň adamlar yzygiderli tutup, jerime töledýändigini habar beripdi. Munuň üçin polisiýa köçelerde, bazarlarda, ýaşaýyş jaýlarynyň golaýynda we jemgyýetçilik ulaglarda hemişe nobatçylyk edýär.

Maska dakynmagyň zerurlygy barada TMCELL mobil operatory tarapyndan ýollanan SMS bildirişi
Maska dakynmagyň zerurlygy barada TMCELL mobil operatory tarapyndan ýollanan SMS bildirişi

Resmi taýdan Türkmenistanyň häkimiýetleri waksina çärelerini we hökmany maskalary dakynmak talaplaryny koronawirus pandemiýasy bilen baglanyşdyrmaýar we bu çäreleriň "ýokanç keselleriň öňüni almak" üçin durmuşa geçirilýändigini öňe sürýärler.

Ýöne ýurtdaky berk çäklendirmeler we maska dakynmak talaby 2020-nji ýylyň iýul aýynda BSG-niň koronawirus missiýasynyň saparyndan soň girizilipdi. Şonda häkimiýetler ilaty "howadaky ýokary tozan bölejiklerinden" goramak üçin maskalary dakynmalydygyny aýdypdy. 2020-nji ýylyň iýul we awgust aýlarynda Saglygy saklaýyş ministrliginiň resmi bildirişleri ýerli mobil operatorlar tarapyndan ýaýradyldy.

Türkmenistanda ilata maska dakdyrmak boýunça kampaniýa giň gerimde alnyp barylýar. Edaralaryň we kärhanalaryň işgärleri maska dakynmak borjy barada ýazmaça dilhaty bermäge mejbur edilýär.

Rus dilinde hem okaň

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Teswirleri gör (1)

Şu forum ýapyk
XS
SM
MD
LG