Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Berdimuhamedow deputatlar bilen duşuşdy; koronawirusdan, Milli Geňeş saýlawlaryndan söz açdy


Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow
Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow gurluşy üýtgedilen Parlamentiň Ýokarky palatasyna geçiriljek ilkinji saýlawlara bir aý çemesi wagt galan döwri kanunçykaryjylar bilen duşuşyk geçirdi, olaryň alyp barýan işine nägilelik bildirdi, şeýle-de koronawirusyň “garaşylmadyk, çylşyrymly ýagdaýlary ýüze çykarandygyny” boýun aldy.

25-nji fewralda Aşgabadyň “Ruhyýet” köşgünde geçirilen duşuşykda 2021-nji ýyldaky Mejlisiň öňünde duran meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Onuň dowamynda Berdimuhamedow hem çykyş edip, ýurtdaky dowam edýän ýiti ykdysady krizisi, raýatlaryň gündelik ýüzbe-ýüz bolýan meselelerini agzaman, muňa derek dünýä ykdysadyýetinde emele gelen maliýe-ykdysady çökgünlige garamazdan, geçen ýyl täze ykdysady özgertmeleri amala aşyrmagy dowam etdirendiklerini öňe sürdi.

Şol bir wagtda, ol bu barada mundan ozalky maslahatlaryň, şol sanda Ministrler Kabinetiniň geçen 2020-nji ýylyň jemlerine bagyşlanan giňişleýin mejlisiniň dowamynda-da gürrüň edilendigini aýdyp, ýurduň ykdysady ýagdaýy üstünde “jikme-jik” durup geçmejedkgini mälim etdi.

Mundan soňra, Berdimuhamedow ýurduň kanun çykaryjy ulgamyny kämilleşdirmek boýunça öňde duran wezipelere serediljekdigini yglan edip, geçen ýyl deputatlaryň “belli bir iş edendigine garamazdan”, olaryň bu ugurdaky tagallalaryna nägilelik bildirdi.

Ol: “Häzirki döwürde dünýä çalt depginler bilen özgerýär. Her hepdede diýen ýaly, täze soraglary ýüze çykarýar. Bu soraglar gyssagly çözülmegini talap edýär” diýip, çykyş etdi, emma başga goşmaça maglumatlary bermedi.

Soňra Berdimuhamedow koronawirus meselesiniň üstünde hem durup geçdi. Türkmenistan COVID-19-yň pandemiýa diýlip yglan edilmeginden bäri tas bir ýyl çemesi wagt geçendigine, dünýä boýunça oňa 110 milliondan hem aşa adamyň ýolugyp, ondan 2,5 million adamyň ölendigine garamazdan, ýurtda bu ýokunjyň ýeke ýagdaýyny hem hasaba alman gelýär. Ýogsa Azatlyk Radiosy, şeýle-de beýleki garaşsyz türkmen neşirleri koronawirus alamatly köp sanly adamlaryň keselhanalara ýerleşýändigi, ol sebäpli ölýändigi barada dowamly maglumatlary berip gelýärler.

Berdimuhamedow ölüm howply ýokunjy “adamzadyň başyna düşen iň uly betbagtçylyk” atlandyryp, bu babatyndaky ozalky çykyşlaryndan tapawutlylykda, COVID-19-yň Türkmenistanyň halkyna hem “garaşylmadyk, çylşyrymly ýagdaýlary ýüze çykarandygyny” boýun aldy.

Şol bir wagtda, ol çykyşynda koronawirusyň dünýä ykdysadyýetine her aýda $400 milliard golaý zyýan ýetirýändigini, häzire çenli bütin dünýä boýunça 500 million iş ornunyň ýitirilendigini aýtdy. Emma döwlet baştutany munuň Türkmenistanyň özüne ýetiren “çylşyrymly” ýagdaýlary barada kelam agyz söz aýtmady, hiç hili sanlary getirmedi, şeýle-de munuň bilen baglylykda ilata nähilidir bir goldaw çäreleriniň göz öňünde tutulyp-tutulmaýandygyny mälim etmedi. Bellesek, Azatlyk Radiosy türkmen häkimiýetleriniň girizen çäklendirmeleri sebäpli köp sanly raýatlaryň gündelik ýüzbe-ýüz bolýan kynçylyklary barada dowamly maglumatlary berip gelýär.

Berdimuhamedow çykyşynyň dowamynda sebitde we Ýer ýüzünde ekologiýa ýagdaýynyň ýaramazlaşmagynyň, hususanda Aral deňziniň guramagynyň düýpli ynjalyksyzlyk döredýändigini hem belledi.

Mundan başga-da, Berdimuhamedow Türkmenistanyň mundan beýläk-de gülläp ösmegini gazanmak, ykdysady kuwwatyny has-da artdyrmak, halkyň hal-ýagdaýyny ýokarlandyrmak, sanly ykdysadyýeti ösdürmek ýaly, adatça, beýleki hökümet maslahatlaryndaky edýän çagyryşlaryny ýene bir gezek tekrarlary, şol bir wagtda-da ol bu ugurda edilmeli jikme-jik anyk ýagdaýlar barada hiç zat aýtmady.

Şeýle-de prezident Türkmenistanyň ençeme hukuk-namalaryna, şol sanda Administratiw hukuk bozulmalary hakyndaky kodeksine, Raýat kodeksine, Maşgala kodeksine üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek meselesini öwrenmegi tabşyrdy.

Çykyşynyň aýagynda Berdimuhamedow 2021-nji ýyldaky Türkmenistanyň syýasy durmuşyndaky iň möhüm wakalaryň biri hasaplanýan – 28-nji martda geçmeli Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlary barada hem durup geçdi.

Ýatlatsak, geçen sentýabrda Türkmenistanyň baş kanunyna girizilen soňky üýtgetmelere we goşmaçalara laýyklykda ýurduň parlamenti iki palataly ulgama geçirildi. Täze parlament “Milli Geňeş” atlandyryldy we Halk Maslahatyndan hem-de Mejlisden ybarat edildi.

Şeýle-de, soňky konstitusion üýtgetmelere görä, parlamentiň ýokary palatasyna, Halk Maslahatyna her welaýatdan we Aşgabatdan sekiz, jemi 48 agza saýlanar, ýene 8 agza prezident tarapyndan bellenilýär.

Berdimuhamedow 25-nji fewralda eden çykyşynda bu saýlawlaryň ozalkylardan bütinleý tapawutlanýandygyny, olaryň “Göni däl” diýlip atlandyrylýan şeýle görnüşli ilkinji saýlaw boljakdygyny hem belläp geçdi.

Türkmenistanyň kanunçylygyna girizilen düzedişlere laýyklykda, ses berişlikler welaýat halk maslahatlarynyň mejlisleri derejesinde geçiriler. Ýagny bu umumy milli saýlawlar bolmaz.

Berdimuhamedow öz çykyşynda saýlawlaryň “erkin bäsleşik, aç-açanlyk, pikir we söz azatlygy babatda demokratik kadalara eýerip” geçiriljekdigini öňe sürse-de, günbatar saýlaw synçylary Türkmenistanda şu wagta çenli geçirilen saýlawlaryň hiç haýsyny erkin we adalatly hasaplamandy.

Mundan başga-da, bu möhüm saýlawlara bir aý çemesi wagt galan döwri, bu ugurda nähilidir bir saýlaw kampaniýasynyň alnyp barylýandygy göze ilmeýär, umuman, dalaşgärleriň kimdigi hem häzire çenli aýan edilmeýär.

Synçylar parlamenti iki palataly ulgama geçirip, Halk Maslahatyny Mejlis bilen birikdirmek teklibiniň ýurtda mirasdüşerlik ugrunda atylan ädimdigini aýdýarlar. Täze üýtgetmelere görä, eger prezident öz wezipesini ýerine ýetirip bilmese, onuň ygtyýarlyklary täze Halk Maslahatynyň başlygyna geçýär.

Maglumat üçin aýdylsa, bu saýlawlaryň öňýany, prezident ogly Serdar Berdimuhamedowy Ministrler Kabinetiniň başlygynyň orunbasary hem-de Türkmenistanyň Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy wezipelerine belläpdi.

Prezidentiň çykyşyndan soňra, söz nobaty Mejlisiň spikeri Gülşat Mämmedowa geçdi. Ol hem ilatyň ýüzbe-ýüz bolýan meseleleri barada kelam agyz söz aýtman, “çylşyrymly dünýäde... ýurduň her gününiň, her aýynyň taryhy ähmiýetli syýasy, ykdysady we medeni wakalara beslenýändigini” öňe sürdi.

Prezidentiň deputatlar bilen geçiren soňky duşuşygy bilen baglylykda türkmenistanly synçylar bu hili görnüşli maslahatlaryň ýylyň-ýylyna geçirilýändigini, olarda edilýän “eşretli durmuş” wadalarynyň, aglaba ýagdaýda, diňe “gury söz” bolup galýandygyny aýdyp, anonimlik şertinde Azatlyga öz garaýyşlaryny beýan etdiler.

“Men bu görnüşli duşuşyklary 2015-nji ýyldan bäri yzarlap gelýärin. Şol bir wadalar, şol bir çykyşlar. 2016-njy ýylda Lebabyň ähli etrap-oba ýerlerini agyz suwy bilen üpjün etmek barada perman kabul edildi. Bu amal edilmedi. Hökümet münberinden oba ýerleriniň ýaşaýyş şertlerini gowulandyrmak barada gürrüň edilýär, emma iş ýüzünde çetki sebitleriň durmuş şertleri dowamly ýaramazlaşýar. Adamlar öz sebitleriniň deputatlarynyň hem kimdigini bilmeýärler. Kanunçykaryjylaryň sebitlere aýlanyp, adamlaryň hal-ahwalyny sorap ýörenini hem görmeýäris” diýip, türkmenabatly synçy Azatlygyň habarçyna gürrüň berdi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin indirip bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG