Moskwa ABŞ-nyň we Ýewropa Bileleşiginiň rus oppozisiýa lideri Alekseý Nawalnynyň zäherlenmegi we türme tussaglygyna höküm edilmegi bilen baglylykda ýokary derejeli rus resmilerine garşy girizen sanskiýalaryna jogap edip, Günbatara “ot bilen oýun etmezlik” barada duýdurdy.
2-nji martda Russiýanyň daşary işler ministrliginiň metbugat wekili Mariýa Zaharowa beýanat ýaýradyp, sanskiýalary “Russiýa garşy duşmançylykly hereket” diýip atlandyrdy.
“Haçanda sanksiýalary girizmek üçin [Alekseý] Nawalnynyň hamana nähilidir bir “uruş erginleri” bilen zäherlenendigi baradaky öňünden bilkastlaýyndan gurnalan prowokasiýa bahana edilende, manysyzlygyň hökmürowanlygy döreýär. Bu biziň içerki işlerimize gatyşmak boýunça dowam etdirilýän açyk tagallalar üçin bir bahana. Biz munuň bilen ylalaşmarys” diýip, Zaharowa Birleşen Ştatlaryň we Ýewropa Bileleşiginiň yglan eden sanksiýalaryndan birnäçe sagat soň çykyş etdi.
Birleşen Ştatlaryň aňtaw gulluklarynyň Nawalnynyň zäherlenmeginiň arkasynda “uly ähtimallyk bilen” Russiýanyň Howpsuzlyk boýunça Federal Gullugynyň (FSB) durandygy baradaky netijesinden soňra, Waşington ýokary derejeli ýedi rus resmisine, şol sanda prezident Wladimir Putiniň diwanynyň başlygynyň birinji orunbasaryna garşy hem gadagançylyklary girizdi.
Ýewropa Bileleşigi hem ýokary derejeli dört rus resmisine garşy sanksiýalary girizýändigini yglan edipdi.