Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanyň demirgazygynda ýangyn zerarly ýedi çaga heläk boldy


Ýaşaýyş jaýynda ýangyn, Aşgabat (arhiw suraty)
Ýaşaýyş jaýynda ýangyn, Aşgabat (arhiw suraty)

Türkmenistanyň demirgazygynda ýangyn zerarly ýedi çaga heläk boldy. Fewral aýynyň ahyrynda Daşoguz welaýatynda ýüze çykan bu betbagtçylyk barada oppozisiýanyň "Halkyň Sesi" atly YouTube kanaly, şeýle hem Türkmenistanyň "Dashoguz.live" atly regional onlaýn portaly we ýarym resmi "Gundogar.news" neşiri tarapyndan habar berildi.

28-nji fewralda YouTube-da özüni heläk bolan çagalaryň daýysy hökmünde tanadan adam pajygaly ýagdaý barada aýdyp, habary ýaýratmagy we paýlaşmagy haýyş etdi. Maglumata görä, ýogalan çagalar: 2007-nji ýylda doglan Mähriban, Zyýada (2011), Ýaňyl (2012), Söýli (2015), Sapar (2016), Altyn (2018) Eldar (2020). Ýangynyň Ýylanlyda bolandygy aýdylýar.

"Dashoguz.live" internet portaly ýedi çaganyň öýde ýeke galyp, ýangynda ölendigini we pajygaly hadysanyň Daşoguz welaýatynyň Gurbansoltan eje etrabynda bolandygyny habar berdi.

"2021-nji ýylyň 23-nji fewralynda takmynan sagat 22:00 töweregi Daşoguz welaýatynyň Gurbansoltan eje etrabynyň Bamyly obasynyň ýaşaýjysy Didar Çaryýewiň öýünde ýangyn emele gelip, öý eýesiniň mekdep ýaşly we ondan hem kiçi 7 sany perzendi aradan çykan"-diýip neşir habar berýär.

Şuňa meňzeş mazmunly habar "Gundogar.news" web sahypasynda hem ýerleşdirildi.

Türkmenistanyň onlaýn neşirlerinde Gurbansoltan eje etrap häkimliginiň Çaryýewiň maşgalasyny wagtlaýyn pena we zerur serişdeler bilen üpjün edendigi, obadaşlaryň hem maşgala ýardam berýändigi habar berildi.

Azatlyk heläkçilige duçar bolan maşgala we ýerli häkimiýetler bilen habarlaşyp bilmedi.

"Daşoguz.live" neşiriň habaryna görä, etrap prokurory bu wakanyň deslapky derňewini geçirýär. Maglumatda ýangyna jaý ýyladyş ulgamynyň we tebigy gaz üpjünçiliginiň näsazlygynyň ýa-da onuň ulanylyşyna biperwaýlygyň sebäp bolandygynyň çak edilýändigi aýdylýar.

Gyş möwsüminde Türkmenistanyň ilaty ýyladyş, gaz we elektrik üpjünçiliginiň kesilmegi bilen yzygiderli ýüzbe-ýüz bolýar.

Azatlygyň habarçylarynyň habar bermegine görä, ýurtda sowuk howanyň başlanmagy bilen gazdan zäherlenmeler ýygy-ýygydan ýüze çykýar.

Şäherlerde ýyladyşyň kesilmegi, elektrik we gaz üpjünçiliginiň bes edilmegi ýa-da obalarda gazyň bolmazlygy netijesinde ýaşaýjylaryň arasynda agaç ýakmak üçin peçleriniň, elektrik we gaz gurallarynyň, şeýle-de beýleki dürli enjamlaryň ulanylmagy giňden ýaýran, bu köplenç betbagtçylyga sebäp bolýar. Elektrik üpjünçiligi hem ýurtda durnuksyzlygyna galýar.

Golaýda goňşy Gazagystanda çagalaryň ölümi ilatyň ýurtdaky sosial ýagdaýdan närazylygyny güýçlendirdi. Betbagtçylyk, häkimiýetlerden maşgalalara sosial goldaw berilmegini we köp çagaly maşgalalar üçin ýaşaýyş şertlerini gowulandyrmak hem ýaşaýyş jaý problemasyny çözmegi talap edýän protestleriň döremegine itergi berdi.

19-njy fewralda, Žanatas şäherindäki köp gatly binadaky jaýlaryň birinde ýangyn wagtynda bäş çaga kömürturşy gazyndan zäherlendi. Häkimligiň maglumatyna görä, çagalaryň kakasy işdedi, ejesi dükana gidipdir. Çagalar kömürturşy gazyndan zäherlenip heläk bolupdyr. Iki ýyl mundan ozal şuňa meňzeş waka paýtagtda hem bolupdy. 2019-njy ýylyň 4-nji fewralynda gije Astananyň (häzirki Nur-Soltan) etegindäki Koktal-1 etrapçasynda bir maşgalada bäş sany kämillik ýaşyna ýetmedik gyz çaga ýangynda wepat boldy.

Bu betbagtçylyk tutuş ýurt boýunça nägilelik tolkunynyň döremeginiň başlangyjy boldy. Gatnaşanlar, esasanam aýallar, döwletden pes girdejili maşgalalara sosial goldawy güýçlendirmegi talap etdiler.

Rus dilinde hem okaň

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG