Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabatda ýyladyş ulgamy kadaly işlemeýär. Lebaply näsaglar ýylynmak üçin peçlerini ýany bilen eltýär


Türkmenistandaky keselhanalaryň biri. Illýustrasiýa suraty
Türkmenistandaky keselhanalaryň biri. Illýustrasiýa suraty

Aşgabadyň Parahat we Gaudan etrapçalaryndaky köp gatly ýaşaýyş jaýlarynda ýyladyş ulgamlarynyň kadaly işlemeýändigini, jaýlaryň içiniň köplenç sowuk bolýandygyny Azatlyk Radiosynyň paýtagtdaky habarçylarynyň biri habar berýär.

“Ýyladyş ulgamy işleýän jaýlaryň aglabasynda turbalar gyzgyn däl-de, diňe mylaýym. Haçanda howanyň temperaturasy pese gaçanda, turbalar köplenç sowuk bolýar. Hemme ýerde adamlar ýylynmak üçin elektrik peçlerden peýdalanýarlar ýa-da split sistemaly kondisionerleri gyzgyn iş režimine geçirýärler” diýip, howpsuzlyk aladalary sebäpli gizlinlik şertinde söhbetdeş bolan habarçy 8-nji noýabrda gürrüň berdi.

Beýleki tarapdan, habarçy ýaşaýjylaryň elektrik peçlerden ýa split sistemaly kondisionerlerden köpçülikleýin peýdalanmagy netijesinde toguň kesilmegi bilen bagly wakalaryň yzygiderli ýüze çykýandygyny hem aýtdy.

“Käte kabel liniýalary hem ot alýar” diýip, habarçy belledi.

Onuň sözlerine görä, Aşgabadyň häkimiýetleri köp gatly jaýlardaky ýyladyş ulgamlarynyň kadaly işlemezliginiň sebäpleri barada düşündiriş bermeýärler. Ýöne Aşgabat ýyladyş edarasynyň birnäçe işgäriniň Azatlygyň habarçysyna aýtmagyna görä, munuň sebäpleri şäher häkiminiň beren görkezmesi bilen baglanyşykly.

“Şamuhammet Durdylyýewiň görkezmesine laýyklykda, tygşytlamak çäreleriniň bir bölegi hökmünde ýyladyş ulgamlaryna goýberilýän suwuň gyzgynlygy 50 gradusdan ýokary bolmaly däl. Bu bolsa, turbalardaky suwuň sähel gyzyp, mylaýym bolmagyna sebäp bolýar” diýip, habarçy anonim şertde söhbetdeş bolan işgärlere salgylanyp gürrüň berdi.

Azatlyk Radiosyna bu aýdylanlary Aşgabat şäher häkimligine resmi taýdan tassyklatmak ýa-da inkär etdirmek başartmady.

Şu günler Türkmenistanda ýyladyş ulgamlarynyň kadaly işlemezligi bilen bagly problemany diňe Aşgabadyň ýaşaýjylary däl, eýse lebaply näsaglar hem başdan geçirýär.

Azatlyk Radiosynyň Lebapdaky habarçylarynyň biriniň 8-nji noýabrda beren maglumatyna görä, welaýatyň Farap we Saýat etrap hassahanalarynda hem ýyladyş ulgamlary kadaly işlemeýär.

“Bu hassahanalarda saglyk bejergisini alýan näsaglar palatany ýylatmak üçin indi elektrik peçleri hem öz ýany bilen alyp barmaly edildi. Şeýle-de, olar ýorgan-düşekleri hem eltmeli. Öňler näsaglar dermanlaryny öz ýany bilen alyp barmalydy, indi bu zatlary hem eltmeli” diýip, howpsuzlyk sebäpli atlandyrylmasyzlyk şertinde söhbetdeş bolan habarçy aýtdy.

Mundanam başga, näsagalara lampoçkalar hem aldyrylýar. Bu talaplar lukmanlaryň dilden beren buýrugy esasynda amala aşyrylýar diýip, habarçy şepagat uýalarynyň birnäçesine salgylanyp gürrüň berdi.

Azatlyk Radiosynyň bu barada Farap we Saýat etrap hassahanalaryndan kommentariý almak boýunça eden yzygiderli synanyşyklary häzirlikçe netije bermedi.

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýurtda ýaşaýyş jaýlarynyň, mekdepleriň we çagalar baglarynyň ýyladyş ulgamlaryny abatlamak we olaryň ulanyş ýagdaýyny üpjün etmek barada ýurt ýolbaşçylaryna sentýabryň başyndan bäri ençeme gezek tabşyryk berdi.

Döwlet baştutanyň her ýylyň güýz paslynyň başynda berýän bu tabşyryklaryna garamazdan, Azatlyk Radiosy gyş aýlarynda ýurtda ýyladyş ulgamlarynyň kadaly işlemeýändigi barada ýylyň-ýylyna habar berip gelýär.

4-nji noýabrda Azatlyk Radiosynyň Lebapdaky habarçysy howanyň temperaturasy gündizlerine 0 we gijelerine minus gradusa çenli ýetýän şu günlerde, oba mekdepleriniň we çagalar baglarynyň ençemesinde otaglaryň kadaly ýyladylmaýandygyny gürrüň berdi.

“Darganata etrabynyň Halkabat we Gyzylbaýdak ýaşaýyş nokatlaryndaky çagalar baglaryna we mekdeplere gatnaýan çagalar sowuk klaslarda we otaglarda üşeýändiklerini aýdýarlar. Olar gyşky paltolarynda okamaly bolýarlar” diýip, habarçy aýtdy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG