Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Lebapda barlagçylar mekdeplerde ýyladyşy barlaýar. Gaz üpjünçiligi barada şikaýat etmek 'gadagan edildi'. Maryda jaýlar sowuk.


Illýustrasiýa suraty.
Illýustrasiýa suraty.

Türkmenistanda howanyň sowap başlamagy bilen ýurduň dürli künjeklerindäki durmuş maksatly binalarda ýyladyş ulgamlarynyň ýagdaýy, olar bilen bagly bar bolan problemalar barada habarlar gelip gowuşýar. Resmi metbugat bu problemalary agzamaýar.  

Geçen hepdäniň dowamynda Aşgabat şäheriniň hem-de Lebap welaýatynyň Bilim bölümleriniň barlagçylary Darganata we Gazojak etraplaryndaky mekdeplere aýlanyp, olaryň ýyladyş sistemalaryny we gaz üpjünçiliginiň ýagdaýyny barlap başlady. Barlagçylaryň hataryna Milli howpsuzlyk ministrliginiň wekilleri hem goşulýar. Mary şäheriniň ýaşaýjylary sowuk howada köp gatly ýaşaýyş jaýlaryň kadaly ýyladylmazlygyndan şikaýat edýärler. Bular barada Azatlyk Radiosynyň ýerli habarçylary habar berýär.

Lebap welaýatynyň Darganata we Gazojak etraplarynda mekdeplerde ýyladyş ulgamlarynyň resmiler tarapyndan barlanmagy, Azatlyk Radiosynyň noýabr aýynyň başynda Darganatanyň oba mekdeplerinde ýyladyş ulgamlarynyň kadaly işlemeýändigi barada beren habarynyň yzýanyna gabat gelýär.

Gazojagyň we Darganatanyň mekdeplerinde barlagçylaryň geçiren duşuşyklarynda obalardaky gaz üpjünçiliginiň ýagdaýyny gowulandyrmak wada berildi. Muny Azatlygyň lebaply habarçysy 25-nji noýabrda habar berdi. Onuň sözlerine görä, resmiler obalara çekilen umumy gazgeçirijileriň täzelenjekdigini aýdýarlar. Beýleki tarapdan, merkezden baran barlagçylar ýerlerdäki mekdepleri ýylatmak üçin “zerur bolsa gaz balon ulanmak meselesine seredilýändigini” aýdýarlar. Türkmenistanda ýurt garaşsyzlygynyň alynmagynyň yzýany ilatyň gaz üpjünçiliginde gaz balonlary ulanmak tejribesi etraplara we obalara köpçülikleýin gaz geçirijileriň çekilmegi bilen aradan aýrylypdy. Ýöne regionlarda gaz çekilmedik çet ýerleriň ýaşaýjylary ýygy-ýygydan gaz üpjünçiligi bilen bagly problemalary başdan geçirip geldi.

Bilim bölümleriniň barlagçylary kadasyz ýyladyşa garamazdan, sowuk bolsa-da synplarda okuwçylaryň mekdep formasynda oturmagyny talap edýär.

Habarçynyň maglumatlaryna görä, eger okuwçylar synplarda mekdep lybasynda bolmasalar, mekdep müdirlerine işden kowulmak howpy abanýar.

“MHM-niň wekilleri gazyň pesdigi ýa-da onuň ýokdugy barada şikaýat etmezligi tabşyryp, meseläni çözmegi wada berdiler” diýip, Azatlygyň ýagdaýdan habarly habarçysy atlandyrylmazlyk şertlerinde maglumat berdi.

Türkmen hökümetiniň mejlislerinde howanyň sowamagy bilen döwlet baştutany derejesinde Aşgabadyň we welaýatlaryň durmuş maksatly desgalarynda ýyladyş ulgamlaryny gözegçilikde saklamak talap edilýär. Ýöne iş ýüzünde köp sanly ýerli ýaşaýjy ýyladyşyň ýaramazlygyndan şikaýat edýär. Olaryň hatarynda Marynyň administratiw merkeziniň ýaşaýjylary hem bar.

Azatlyk Radiosynyň maryly habarçysy köp gatly ýaşaýyş jaýlarynyň ençemesinde ýerli ýaşaýjylaryň sowukdan kösenýändigini habar berýär. Raýatlar oňaýsyz ýagdaýa özbaşdak çykalga tapmaga synanyşýar:

“Şu günler Mary welaýatynda howa sowady. 23-nji noýabrda welaýatda gar ýagdy. Mary şäheriniň köp gatly ýaşaýyş jaýlarynyň ýyladyş ulgamlary öýleri ýyladyp bilmeýär” diýip, habarçy ençeme ýerli ýaşaýjynyň şikaýatlaryna salgylanýar.

Ol howanyň sowamagy bilen Maryda ýyladyş ulgamlarynyň turbalarynyň ýarylýanlarynyň hem bardygyny aýdýar. “Turbalar örän köne, çüýrän, jaý müdirlikleri abatlaýyş işlerini doly berjaý edip bilmeýär” diýip, bir ýerli ýaşaýjy Azatlygyň habarçysyna gürrüň berdi.

“Adamlar öýleriniň içini ýylatmak üçin tok peç ulanmaly bolýarlar” diýip, habarçy aýdýar. Onuň maglumatlaryna görä, tok pejiň ulanylmagy bilen öýlerde elektrik energiýasyny hasaplaýjy enjamyň hatardan çykýan halatlary bolýar.

“Şäher jaýlarynda gaz peçleriň ulanylmagyna rugsat berilmeýär” diýip, habarçy dowam edýär.

Onuň tassyklamagyna görä, Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Ýangyna garşy göreş gulluklarynyň işgärleri öýlere aýlanyp, gaz peçleriniň howpy barada ilat arasynda düşündiriş geçýär, olary ulanýan raýatlara jerime salynjakdygyny duýdurýarlar.

Habarçynyň maglumatlaryna görä, sowukdan ejir çekýän maryly ýaşaýjylaryň arasynda sowukdan goranmak üçin gaz plitalarynyň duhowkasyny, ýagny demojagyny ýakyp goýýan ýaşaýjylar bar.

Türkmenistanyň Gidrometeorologiýa gullugynyň maglumatlaryna görä, şu günler howa gijelerine Mary welaýatynda -8 gradusa çenli, Lebap welaýatynda -10 gradusa çenli sowaýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG