Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen aktiwistleri Nýu-Ýorkda protest geçirip, Süleýman Tursunbaýewiň ölümine sebäpkärleri jezalandyrmagy talap etdiler


Süleýman Tursunbaýew
Süleýman Tursunbaýew

6-njy martda türkmen aktiwistleri Nýu-Yorkyň Taýms skwer köçesinde demonstrasiýa geçirip, türkmen häkimiýetlerinden adalatly sud işiniň geçirilmegini we 14 ýaşly pälwan Süleýman Tursunbaýewiň ölümine sebäp bolanlary jezalandyrmagy talap etdiler.

"Türkmenistanyň Hronikasy" neşriniň maglumatyna görä, gatnaşyjylar professional sportçylara bu ýagdaý barada sosial ulgamlarynda habar bermek haýyşy bilen ýüz tutdular.

Hereketiň wideosy oppozisiýa syýasatçysy Halmurad Soýunowyň Youtube kanalynda çap edildi.

Bu çäräniň 19-njy fewralda Nýu-Ýorkda BMG-niň baş edarasynyň öňünde geçirilmegi planlaşdyrylypdy, emma şäherdäki ulag hereketini çäklendiren güýçli gar sebäpli bu çäre ýatyryldy diýip, neşir belleýär.

Türkmen.news neşriniň habarlaryna görä, ýaş türgen agyr ýenjilipdir we şikes zerarly ýogalypdyr. Maglumatda bäsleşikde Süleýmanyň Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň ýokary okuw mekdebiniň bir okuwçysyndan utulmakdan ýüz öwürendigi aýdylýar. Birnäçe adamyň ýetginjegi ýenjip, zor bilen ulagly näbelli tarapa äkidendigi, soň erbet ýenjilen ýigidiň köçede tapylandygy maglumatda mälim edildi. Lukmanlar ony paýtagtyň keselhanasynda kabul etmekden ýüz öwürdiler we ýaşaýan ýerine Daşoguza iberdiler.

Soňra, ýaş ýigidiň wagtal-wagtal gapma-garşylykda bolan klasdaşlary tarapyndan ýenjilendigi barada bir wersiýa peýda boldy diýip, "Türkmenistanyň Hronikasy" belleýär.

Süleýmanyň okan sport mekdebiniň baş mugallymynyň aýtmagyna görä, oglanyň ölümine dişini sogurdanlygy sebäp bolupdyr.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG