Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Polisiýa maska düzgünine gözegçiligi güýçlendirýär


Illýustrasiýa suraty. Türkmenistan.
Illýustrasiýa suraty. Türkmenistan.

Türkmen häkimiýetleri koronawirus pandemiýasynyň fonunda tomsuň ortalarynda girizen maska düzgünine gözegçiligi güýçlendirýär. Aşgabatda duralgalarda we köpçülik transport serişdelerinde, Maryda köp gatly ýaşaýyş jaýlaryň arasynda we bazarlarda polisiýa işgärleri maska düzgüniniň dogry berjaý edilişine gözegçilik edýär. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçylary 8-nji martda habar berdi.

Maryly habarçy polisiýa işgärleriniň maskalaryny dogry geýmedik raýatlara jerime salýandygyny, şol bir wagtyň özünde ýol polisiýasynyň dürli sebäpler bilen ulag sürüjilerine jerime salmak işleriniň ýygjamlaşýandygyny habar berýär.

“Olar protokol doldurmak üçin hatda howlularyň aralarynda aýlanyp adam gözleýär” diýip, bir maryly ýaşaýjy aýtdy. Habarçynyň maglumatlaryna görä, şu günler her bir polisiýa işgärinden bir günde 10-15 sany düzgün bozmany hasabat bermek talap edilýär.

Ikinji bir habarçynyň maglumatlaryna görä, polisiýa işgärleri Mary şäherinde köp gatly ýaşaýyş jaýlaryň arasynda ýörite awtobuslarda garaşyp, maska düzgünini dogry berjaý etmeýän çem gelen adamy saklaýar. Polisiýanyň güýçlendirilen gözegçiligi 8-nji martda irden sagat 8-de başlady.

“Şu gün irden sagat 8:00-den başlap, polisiýa işgärleri maska düzgünine gözegçiligi güýçlendirdi” diýip, bir welaýat ýaşaýjysy gürrüň berdi.

Onuň sözlerine görä, şäheriň köp gatly jaýlarynyň arasynda polisiýa işgärleri awtobuslarda garaşyp, maska düzgünini berjaý etmeýän çem gelen adamy saklady we polisiýa bölümine äkidip, olara jerime ýazdy. Maska sebäpli polisiýa tarapyndan saklanan raýatlaryň arasynda aýal maşgalalar-da, erkek adamlar-da, hatda çagalar-da bar.

Koronawirus pandemiýasynyň arasynda türkmen häkimiýetleri iýulyň ortalarynda ýurt boýunça maska düzgünini girizdi. Şondan bäri, polisiýa işgärleri bu düzgüniň berjaý edilmegini doly gözegçilikde saklaýar. Bu aralykda, Türkmenistanyň saglygy goraýyş edaralary şu wagta çenli ýurtda resmi taýdan hasaba alnan koronawirus hadysasy barada habar bermedi.

Galyberse-de, habarçynyň maglumatlaryna görä, hakimiýetleriň maska talaplary bilen baglylykda polisiýa işgärleri Marynyň bazarlarynda-da reýd geçirdi, polisiýa tarapyndan tutulan adamlaryň aglabasy köp gatly ýaşaýyş jaýlaryň ýaşaýjylary.

Şu aralykda, Polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugy 8-nji mart güni Maryda awto ulag hereketine-de gözegçiligi güýçlendirdi. “Polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugy irdenden başlap, öýlän sagat 2-ä çenli yzygiderli awto ulaglary saklap, dürli bahanalar bilen jerime ýazdy” diýip, bir ulag sürüjisi Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeşlikde aýtdy.

Häkimiýetleriň maska gözegçiligi paýtagt Aşgabatda-da güýçlenýär.

“Mysal üçin, duralgalarda we jemgyýetçilik awtobuslarynda adamlaryň ýüz örtügi talaba laýyk bolmasa, adamlary awtobuslardan alyp galýarlar we rasiýa bilen nobatçy polisiýany çagyrýarlar” diýip, bir paýtagtly habarçy bilen gürrüňdeşlikde aýtdy. Onuň sözlerine görä, polisiýa tarapyndan saklanan adamlar polisiýanyň gözenekli ýörite awto ulaglarynda etrap polisiýa bölümlerine alnyp gidilýär. Şondan soňra, polisiýa “jerime we gorkuzmak çärelerini görýär” diýip, habarçynyň gürrüňdeşi sözüne goşdy.

Aşgabatly habarçy paýtagt polisiýasynyň maska düzgüni bilen bir hatarda, umuman, gözegçiligi güýçlendirýändigini habar berýär.

“Öňler baýramçylyk we köpçülik çäreleri dowam edýän wagty hukuk goraýjy edaralarda 10-15 gün ýokary hüşgärlik derejesi yglan edilýän bolsa, häzirki wagt ýokary hüşgärlik derejesi aýlap dowam edýär” diýip, bir aşgabatly gürrüň berdi.

Habarçy bilen gürrüňdeş bolan birnäçe aşgabatly hukuk goraýjy edaralarda ýokarlandyrylýan hüşgärligi ýurtda ykdysady ýagdaýlaryň erbetleşmegi, azyk harytlarynyň her gün diýen ýaly gymmatlamagy bilen düşündirýärler.

“Polisiýanyň gullukçylary şäheriň köçelerinde özlerini örän rehimsiz we gödek alyp barýarlar” diýip, paýtagtly ýaşaýjy aýtdy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň gizlinligini doly kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG