Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Keselçilik, onuň saglyga täsiri, ölüm. Türkmenistan we COVID-19


COVID-19 keselini anyklamak we kompýuter tomografiýasyny etmek boýunça nokat. S.Nyýazow adyndaky keselhana, Aşgabat, ýanwar, 2021.
COVID-19 keselini anyklamak we kompýuter tomografiýasyny etmek boýunça nokat. S.Nyýazow adyndaky keselhana, Aşgabat, ýanwar, 2021.

Koronawirus keselçiligi we ölüm dowam edýär. Kesel başdan geçirilenden soň dürli saglyk problemalary döreýär. Türkmenistanda köp adam koronawirus keseline uçrandygyny özleri anyklaýarlar we öz-özlerini bejermegiň ugruna çykmaly bolýarlar. Sebäbi ýurt resmileri COVID-19 keselini resmi taýdan hasaba almaýarlar. Resmi derejede koronawirusa garşy alnyp barylýan çäreler waksinasiýa we ilatyň maskaly ýöremek talabyny berjaý edişine berk gözegçilik ýaly hereklere gönükdirilýär.

Azatlyk Radiosynyň habarçylary we çeşmeleri Türkmenistanda COVID-19 bilen kesellänleriň we ölenleriň ýagdaýlaryny yzygiderli habar berýärler.

"Düýn dostumyň bir garyndaşy koronawirusdan öldi, başda bronh keseli we test edilip, "Polimeksiň" öňki binasyndaky karantine düşdi, ol özüni gowy duýýardy, ýöne damjalaýyn sanjymyň dowamynda özüni erbet duýdy. Ikinjisinden soň gaty erbetdi, ýokanç keseller hassahanasyna geçirildi. Şu gün ony jaýlaýarlar" diýip, Aşgabatdaky çeşmämiz gürrüň berdi.

Habarçylaryň sözlerine görä, koronawirus keseliniň köpelmegi bilen birlikde, ony başdan geçiren adamlaryň saglygyna zeper ýetmegine degişli maglumatlar belli bolýar. Koronawirusy başdan geçirenleriň arasynda gulagy agyrlaşmagy, nerw hassalygy we kelleagyry ýaly ýagdaýlar köp bolýar.

Bu aralykda, paýtagtda döwlet edaralarynda dezinfeksiýa işleri geçirilýär. 16-njy fewralda sanitariýa we epidemiologiýa gullugy paýtagtyň 15-nji mekdebinde düýpli dezinfeksiýa işlerini geçirdi. Munuň sebäpleri düşündirilmedi.

Adynyň efirde agzalmazlygy şerti bilen gürrüňdeş bolan lukmanlaryň we näsaglaryň sözlerine görä, koronawirus keseliniň bardygy hassalaryň arasynda keselhanalarda geçirilýän synaglar, şeýle hem adamlaryň COVID-19 keselini anyklamak boýunça nokatlarda meýletin etdirýän testleri arkaly tassyklanýar. Şol bir wagtyň özünde, ýurduň resmileri COVID-19 ýurtda henizem ýok diýmegini dowam etdirýärler.

Ýurduň häkimiýetleri koronawirus keselini resmi taýdan hasaba almaýarlar. Häkimiýetler çäklendirmeler we waksinasiýa etmek arkaly koronawirusyň ýaýramagyna garşy durýandygyny görkezmäge çalyşýarlar.

Türkmenistanyň ilaty maska režimini bozandygy üçin berk yzarlamalara sezewar edilýär.

Şu günler Maryda köçeler we bazarlar polisiýanyň berk gözegçiliginde saklanýar. Polisiýa gözegçiliginiň güýçlenmegini Ak Bazar, Galkynyş, Läle, Güneş, Gök Bazar we beýleki kiçi şäher bazarlarynda görüp bolýar.

Azatlygyň habarçylarynyň sözlerine görä, polisiýanyň esasy maksady maska dakynmadyklary ýüze çykarmak. Polisiýa işgärleri bazara aýlanyp, satyjylary we alyjylary üns bilen barlaýarlar. Düzgün bozanlar ýüze çykarylsa, dessine polisiýa bölümine äkidilýär. Saklanýanlaryň arasynda maskany nädogry dakandygy ýa-da suw içen wagtynda tutulan adamlar köp bolýar.

Polisiýa bölümine baryp görenleriň sözlerine görä, tussag edilenlere 50 manat möçberinde jerime salynýar we maska dakynmagyň zerurlygy baradaky leksiýany diňlemäge mejbur edilýär.

Azatlygyň habarçylary köpçülik ýerlerinde özleriniň şaýat bolan oňaýsyz wakalary barada habar berdiler.

Bu wakalaryň biri ýaňy-ýakynda Ak Bazarda bolupdyr. Elinde bolgar burçly uly haltaly bir ýetginjek polisiýa işgärleriniň özüne ýakynlaşýandygyny görüp, derrew olardan gaçyp başlapdyr. Polisiýa köpçüligiň gözüniň öňünde ony esli wagtlap kowalap yzyndan ýetip bilmändir. Polisiýa işgärleri, ýigide jeza bermezlige söz berip, ony saklanmaga ynandyrypdyr. Soň polisiýa ondan näme üçin gaçandygyny soranda, ýetginjek jerime tölemäge pulunyň ýokdugyny aýdypdyr. Ýetginjek suw içmek üçin maskasyny aşak düşüren pursatynda polisiýa ony görüpdir. Burnuň aşagyna düşen maska düzgün bozma hasaplanýar.

Şaýatlaryň sözlerine görä, ýigit iki sagat soň bazara gaýdypdyr. Oňa jerime salynypdyr.

Häzirki wagtda polisiýa bazarlarda, uly çatryklarda, gür ilatly ýerlerde yzygiderli nobatçylyk edýär we ulaglarda reýd geçirýär.

Azatlygyň habarçylarynyň sözlerine görä, ýurt ilatynyň tas ählisi maska dakynýar. Edaralaryň we kärhanalaryň işgärleri maska dakynmak borjy barada ýazmaça dilhat bermäge mejbur edilýär.

Türkmenistan ähli ýerlerde maska dakynmak režimini we beýleki çäklendirmeleri 2020-nji ýylyň iýul aýynda BSG-niň koronawirus boýunça halkara missiýasynyň sapary wagtynda girizipdi. Şondan soň polisiýa üçin maskasyzlary tutmak boýunça plan girizildi, ýörite gözegçilik toparlary döredildi. Saklamak, jerime salmak ýaly çäreler köpeldi, jerimäni töläp bilmedikler jeza hökmünde pagta ýygmaga iberildi. Maska dakynmagy ilata wagyz etmek işine ymamlar we ýaşulular çekildi.

Türkmenistanyň häkimiýetleri ýurtda koronawirusyň ýokdugyny öňe sürüp, ilki durmuşa geçirilýän çäreleriň ilaty "howadaky tozan bölejiklerinden" goramak üçin niýetlenýändigini öňe sürdi, ýöne soňra munuň "ýokanç keselleriň öňüni almak" üçin edilýändigini aýtdy, emma COVID-19 keselini düýpden agzamady.

Rus dilinde hem okaň

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG