Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Maryda polisiýa adamlardan maska düzgünini 'dogry berjaý etmegi' talap edýär


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

“Koronawirusdan azat” Türkmenistanyň Mary welaýatynda polisiýa maska režimine “berk gözegçilik etmäge” dowam edýär. Adamlardan maska düzgünini dogry berjaý etmek talap edilýär. Bu talap köplenç polisiýanyň “maska bahanasy” bilen adamlardan para soramagy bilen netijelenýär. Welaýatda Ýol gözegçiligi gullugynyň işgärleriniň ýanyna adamlaryň maskalaryna gözegçilik edýän ýörite polisiýa işgärleri berkidildi. Bu aralykda, Aşgabadyň mekdep mugallymlary mejbury koronawirus barlagyndan geçmeli edildi. Bularyň jikme-jikligi barada Azatlyk Radiosynyň habarçylary habar berýärler.

Maryly habarçynyň sözlerine görä, welaýat merkezinde Polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugynyň işgärleriniň gapdalyna ýörite berkidilen polisiýa maska talabynyň dogry berjaý edilmegine gözegçilik edýärler. Ýöne ýerli ýaşaýjylar olaryň gözegçilik işleriniň düzgüni ýalňyş berjaý edýän adamlardan “para almak” maksadyna gönükdirilýändigini aýdýarlar.

“Adamlaryň maskasy burundan aşakda bolsa polisiýa olary saklaýar” diýip, bir maryly gürrüň berdi. Soňra “olardan 20 manat para bermegi soraýar” diýip, ol sözüne goşdy.

Şol bir wagtyň özünde, habarçy soňky wagtlarda Maryda köçelerde ýol gözegçiligi gullugynyň işgärleriniň hem gürelýändigini aýdýar. Ýerli ýaşaýjylaryň ençemesiniň sözlerine görä, olar “dürli bahanalar bilen sürüjilerden para almak” işlerini ýygjamlaşdyrýarlar. “Para almak güýçlendi” diýip, bir sürüji anonim şertde gürrüň berdi.

“Baýramalydan Mary şäherine barýan awtobusy Baýramalynyň ýol gözegçiligi nokadynda polisiýa saklady. Ýolagçylaryň beden gyzgynlygyny barladylar. Maskasyny dogry dakmadyk adamlary gözlediler. Hemmeler maskalydy” diýip, bir ýolagçy atlandyrylmazlyk şertinde gürrüň berdi.

“Awtobus sürüjisinden 20 manat para-peşgeş alypdyrlar” diýip, ol sözüne goşdy. Ýolagçynyň sözlerine görä, sürüji bu ýagdaýa awtobusyň dik durulýan ýerinde “çommalyp oturan käbir ýolagçylaryň sebäp bolandygyny” aýdýar.

Geçen ýylyň ahyrlarynda Hytaýdan uç alan koronawirus keseliniň pandemiýa yglan edilmeginden üç aý töweregi wagt soň, iýulyň ortalarynda Türkmenistanda maska režimi girizildi. Ýurduň Saglyk ministrligi ýörite maglumat ýaýradyp, ilata “tozandan goranmak üçin” maska geýmegi maslahat berdi. Şondan bäri polisiýa ilat arasynda maska düzgünine “gözegçilik edýär”. Bu aralykda, türkmen hökümeti ýurtda hiç hili koronawirus hadysasynyň hasaba alynmandygy baradaky öňe sürmelerini tutanýerli gaýtalaýar.

Geçen tomus Türkmenistana sapar eden Bütindünýä saglyk guramasynyň bilermenler topary türkmen hökümetiniň resmi hasabatlaryna salgylanyp, ýurtda koronawirusyň ýokdugy bilen ylalaşdy.

1-nji dekabra çenli tutuş dünýäde resmi taýdan hasaba alnan COVID-19 hadysalarynyň sany 63,5 milliondan aşdy, 1,5 milliona golaý adam bu kesel bilen aradan çykdy.

Türkmenistan ýokanç kesele garşy ilkibaşda döwlet baştutany derejesinde üzärlik bilen göreşe girişdi. Häkimiýetleriň üzärlik emleri henize çenli dowam edýär.

“Mary welaýatynyň edaralaryna, okuw jaýlaryna, dükanlara iki sapar üzärlik tütetmeli diýlip talap edilipdi. Häzir üzärlik azlyk edýär” diýip, bir ýaşaýjy aýtdy. Ol şonuň üçin edaralarda we okuw jaýlarynda üzärlik tütetmek işleriniň bir sapara düşürilendigini aýtdy.

Üzärligiň koronawirusa garşy täsirlidigi ýa-da däldigi barada ylmy subutnama ýok.

Habarçy bilen gürrüňdeş bolan bir maryly býujet işgäri öz iş ýerlerinde üzärlik üçin aýda her işgärden 15 manat ýygnalýandygyny we bu tejribäniň saklanyp galýandygyny gürrüň berdi.

Bu aralykda, aşgabatly habarçy paýtagtyň mekdep mugallymlaryndan mejbury koronawirus barlagyndan geçmegiň talap edilýändigini habar berýär. Ol barlag bahasynyň 100 manatdygyny aýdýar. Habarçy bilen gürrüňdeş bolan mugallymlar şeýle talabyň hepdelik görnüşinde girizilmeginden howatyr edýär.

Şeýle-de, habarçy paýtagtyň 44-nji mekdebinde ýaş okuwçylaryň arasynda follikulýar angina keseliniň ýüze çykýandygyny habar berýär. “22 okuwçy we 2 mugallym ýokanç keselleri keselhanasyna äkidildi. Olaryň käbirleri birnäçe gün soň goýberildi” diýip, habarçy aýtdy.

Azatlyk Radiosy bu keseliň koronawirus ýokanjy bilen mümkin bolan ilteşigini anyklap bilmedi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG