Hytaý serhetaşa syýahat etmegi planlaşdyrýan raýatlary üçin COVID-19 waksinasy boýunça elektron şahadatnamasyny hödürledi.
Adamyň waksinasiýa edilmegine degişli ýagdaýy we wirus testleriniň netijelerini öz içine alýan elektron şahadatnama, Hytaýyň raýatlary üçin 8-nji martda işe girizilen WeChat sosial media platformasyndaky programma arkaly elýeterli.
Bu şahadatnama "dünýä ykdysadyýetiniň dikelmegine kömek etmek üçin" serhetaşa syýahat etmegi ýeňilleşdirer "-diýip, Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary 9-njy martda aýtdy.
Häzirki wagtda diňe Hytaý raýatlary tarapyndan ulanmak üçin elýeterli we entek hökmany däl şahadatnama dünýäde ilkinji "wirus pasporty" hasaplanýar. Onuň kagyz görnüşi hem bar.
Amerikanyň Birleşen Ştatlary we Britaniýa häzirki wagtda şuňa meňzeş rugsatnamalary bermek mümkinçiligini gözleýän ýurtlaryň arasynda.
Ýewropa Bileleşigi syýahatçylara agza ýurtlaryň we daşary ýurtlaryň arasynda syýahat etmäge mümkinçilik berýän "ýaşyl geçiş" dokumentiniň üstünde işleýär.
Bu maksatnamalar, şahsy maglumatlaryň gizlinligine we hökümetiň gözegçiliginiň giňelmegine degişli aladalary döretdi.