Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ adam hukuklarynyň gödek bozulmagy sebäpli, Eýranyň Yslam rewolýusiýa sakçylary korpusynyň resmilerine garşy sanksiýa girizdi


Eýranda 2019-njy ýylda geçirilen protestlerden bir pursat.
Eýranda 2019-njy ýylda geçirilen protestlerden bir pursat.

ABŞ Eýranda 2019-2020-nji ýyllarda geçirilen protestlerde adam hukuklarynyň gödek bozulmagyna gatnaşmakda aýyplanýan Yslam rewolýusiýa sakçylary korpusynyň iki resmisini gara sanawa aldy.

Yslam rewolýusiýa sakçylary korpusynyň soragçysy Ali Hemmatian we Masud Safdari hem-de olaryň ýakyn maşgala agzalary indi Birleşen Ştatlaryna girmäge hukuksyzdyr diýip, döwlet sekretary Antoni Blinken 9-njy martda beren beýanatynda aýtdy.

Ol Hemmatianyň we Safdariniň demonstrasiýalar dowam edýän wagty “tussag edilen adamlaryň we syýasy tussaglaryň gynalmagyna we/ýa-da olara rehimsiz, adamkärçiliksiz, kemsidiji daralmagyna ýa-da jezalandyrylmagyna” gatnaşandyklaryny aýtdy.

Birleşen Ştatlary “Eýranda adam hukuklarynyň bozulmagyndan we kemsidilmeginden jogapkär adamlara çäre görmek üçin ähli dogry gurallara seretmegi dowam etdirer” diýip, Blinken aýtdy.

Eýran häkimiýetlerinde bu boýunça bada-bat kommentariýa bolmady.

XS
SM
MD
LG