Ermenistanda ýokary derejeli generalyň wezipesinden boşadylmagyndan az salym soň, ýurduň Ýaragly güýçleri premýer-ministr Nikol Paşinýanyň işden çekilmegi boýunça çagyryşlaryny gaýtalady.
Ýaragly güýçleriň generallary we harby komandirler özleriniň Paşinýanyň işden çekilmegi barada eden soňky talaplaryny hem-de ýurduň syýasy krizisini çözmek üçin wagtyndan öň parlament saýlawlaryny geçirmegiň ýeke-täk çykalgadygy barada aýdan sözlerini gaýtaladylar.
Günüň birinji ýarymynda Paşinýanyň Ýaragly güýçleriň Baş ştabynyň başlygy Onik Gasparýanyň işden boşadylandygyny mälim etmegi oppozisiýa liderleriniň hem premýer-ministre öz wezipesini terk etdirmek boýunça edýän basyşlarynyň dowam edýän wagtyna gabat geldi.
Has ozal, Panşinýan Gasparýanyň 10-njy martda wezipesinden boşadylandygyny aýtdy, oppozisiýa demonstrantlary premýer-ministriň işden çekilmegini talap etmegi dowam etdirýär.
Hökümet web-saýtynda çap edilen bildiriş Gasparýanyň işden boşadylmagy hakyndaky karara prezident Armen Sarkisýanyň gol çekmändigi sebäpli, hem-de onuň bu karar boýunça kanuny möhletde Konstitusion kazyýete appelýasiýa ýüz tutmandygy sebäpli, Gasparýanyň öz-özünden işden boşadylýandygyny aýdýar. Paşinýan harby ýolbaşçynyň işden boşadylmagy üçin prezidente ýüz tutupdy.
2018-nji ýyldan bäri häkimiýet başynda oturan Paşinýan geçen aý harbylaryň onuň işden çekilmegini talap edeli bäri, krizis bilen ýüzbe-ýüz bolýar. Harbylaryň talaby Paşinýany agdarylyşyk synanyşygyny öňe sürmäge hem-de ermeni goşunynyň iň ýokary derejeli generalynyň işden boşadylmagyna synanyşmaga iterdi.
Şeýle-de, ol geçen ýyl Daglyk-Garabag sebitiniň üstünde Azerbaýjan bilen etniki ermeni güýçleriniň arasynda alty hepde dowam eden hem-de ermeni tarapynyň territoriýa ýitirmegine getiren çaknyşygyň yz ýany, oppozisiýanyň barha ýokarlanýan protestlerine we işden çekilmek çagyryşlaryna sezewar boldy.
Müňlerçe oppozisiýa tarapdary 9-njy martda Paşinýanyň işden çekilmegini talap edip, Ýerewanda parlament binasyny petikledi.