20 ýaşly gazak DJ we saz ýazgylarynyň produseri 2020-nji ýylyň "Grammy" baýragyny alyp, Merkezi Aziýada ilkinji, öňki postsowet regionyndan bolsa, klasiki bolmadyk saz kategoriýasynda ilkinji bolup bu baýraga mynasyp boldy.
Gazagystanyň demirgazygyndaky Pawlodar şäherinden Imanbek Zeýkenow 14-nji martda Los Angelesde 63-nji "Grammy" baýragyna iň gowy remiks kategoriýasynda eýe boldy.
"Sazanda üçin 'Grammy' almak iň gowy sylagdyr. Men muny etdim!" diýip, Zeýkenow ýeňiji yglan edilenden soň Instagramda ýazdy.
Zeýkenow Aksu şäherinde ýokary bilim alansoň demirýol boýunça bilim alyp, bu ulgamda işläpdir. Saz onuň hobbisi bolupdyr. Onuň SAINt JHN lakamy bilen tanalýan amerikaly Karlos Sent-Jonyň "Roses" eseri boýunça taýýarlan remiksi YouTube-de uly meşhurlyk gazanyp, ABŞ-nyň iň meşhur ýüzlügini düzýän "U.S. Billboard Hot 100" reýtinginde birinji bäşlige giripdir. Geçen tomus bu saz Britaniýada hit paradda öňe çykdy.
Aýdymyň ilkinji üstünliklerinden soň Zeýkenow Orsýetiň saz ýazgylaryny edýän “Effekt” kompaniýasy bilen işledi we Karlos Sent-Jon bilen "Saint Jhn" aýdymyny bilelikde işläp çykarmak barada ylalaşdy.
Koronawirus pandemiýasy sebäpli baýrak gowşurylyş dabarasynda çykyşlaryň köpüsi öňünden taýýarlandy. Alyp baryjy Trewor Noa Los Anjeles merkezinden dört sagatlyk göni ýaýlymda çykyş etdi. Gatnaşanlar maska geýip, kiçi tegelek stollaryň daşynda sosial aralyk saklap otyrdylar.
Grammy saz boýunça ýylyň iň esasy wakasy hasaplanýar we abraýy boýunça kino sungatynyň "Oskar" baýragyna deňelýär.