Adam hukuklaryny goraýjy Human Rights Watch (HRW) guramasy Azerbaýjany geçen güýzde separatist Daglyk-Garabag sebitinde alnyp barlan söweşlerde ermeni uruş ýesirlerine (POW) garşy görkezilen ýowuzlyklar bilen bagly ähli aýyplamalary derňemäge we günäkärleri jogapkärçilige çekmäge çagyrýar.
Nýu-Ýorkda ýerleşýän adam hukuklaryny goraýjy gurama 19-njy martda eden beýanatynda “Azerbaýjan güýçleri tussag edilen ermeni uruş ýesirlerini bir ýerden başga ýere alyp baran ýa-da tussag astynda saklan wagtynda rehimsiz we kemsidiji hereketlere we gynamalara sezewar etdi" diýilýär.
Şeýle hem, Azerbaýjan galan ermeni güýçlerini we raýat tussaglaryny derrew boşatmaly we Azerbaýjanyň tussaghanasynda soňky gezek görülenler barada maglumat bermeli diýip gurama aýdýar.
"Tutulan ermeni esgerlerini rehimsiz gynamaklyk aýylganç uruş jenaýatydyr" -diýip, HRW guramasynyň Ýewropa we Merkezi Aziýa boýunça müdiri Hugh Williamson aýtdy.
HRW Azerbaýjanda tussaglykda saklanan dört sany ermeni uruş ýesiri bilen söhbetdeş bolandygyny we olaryň tussag astynda "uzak wagtlap we gaýta-gaýta ýenjilmegi" barada gürrüň berendigini mälim edýär.
Şeýle-de, azerbaýjanly ofiserleriň uruş ýesirlerine edilen zorlukly pursatlary görkezýän "köp sanly wideolary" sosial ulgamlarda ýerleşdirendigini mysal getirdi.