Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Putin 23-nji martda koronawirusa waksina etdirjekdigini aýtdy


Wladimir Putin
Wladimir Putin

Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin 23-nji martda koronawirusa garşy sanjym etdirjekdigini aýtdy.

"Sanjym, elbetde, her bir adam üçin meýletin karar. Bu her bir adamyň şahsy karary" diýip, Putin duşenbe güni telewideniýede görkezilen hökümet maslahatynda COVID-19 barada eden çykyşynda aýtdy.

"Ýogsa-da, emen muny ertir etmegi meýilleşdirýärin" diýip Putin belledi.

Kremliň metbugat sekretary Dmitriý Peskow Putiniň Russiýada öndürilen "üç" waksinadan birini aljakdygyny, olaryň hersiniň hem gowy, hem-de ygtybarlydygyny aýtdy.

Peskow Putiniň waksinasyýasynyň köpçülik çäresi bolmajagyny aýtdy.

Putin içerki ulanyş üçin waksinalaryň önümçiligini ösdürmegiň zerurdygyny aýtdy.

Şu wagta çenli Russiýada takmynan 4,3 million adam iki tapgyrly edilýän waksinany aldy.

Russiýada COVID-19 garşy üç waksina öndürilýär - Gamaleýi milli epidemiologiýa merkezi tarapyndan "Sputnik V" waksinasy, Nowosibirskdäki Wektor instituty tarapyndan EpiVacCorona we Sankt-Peterburgdaky Çumakow merkezinde CoviVac waksinasy döredildi.

XS
SM
MD
LG