Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

HRW Özbegistanda geýleriň yzarlanmagyny bes etmäge çagyrýar


LGBT toparlarynyň älemgoşar reňkli baýdagy 
LGBT toparlarynyň älemgoşar reňkli baýdagy 

Human Rights Watch (HRW) Özekistanda geýleriň esassyz tussag edilmelere, kazyýet jogapkärçiligine çekilmegine we azatlykdan mahrum edilmegine sezewar bolýandygyny aýdýar we Merkezi Aziýa döwletiniň hökümetini adamlaryň hukuklaryny kepillendirmäge we bir jynsly gatnaşyklar üçin jenaýat jogapkärçiligine çekmezlige çagyrýar.

HRW 23-nji martda eden beýanatynda öňki sowet respublikasy we Birleşen Milletler Guramasynyň Adam Hukuklary Geňeşiniň häzirki agzasy bolan ýurtda geý erkekleriň, "gomofobiýa, haýbat atmak we talamak" ýaly hereketler bilen ýüzbe-ýüz bolýandyklaryny we bir jynsly gatnaşyklar üçin jenaýat jogapkärçiligine çekilýändigini aýdýar.

HRW Özbegistanyň 22-nji fewralda çap edilen täze Jenaýat kodeksiniň taslamasynda henizem bir jynsly gatnaşyklaryň jenaýat hökmünde kesgitlenýändigine ünsi çekýär.

"Bir jynsly gatnaşyklaryň jenaýatlaşdyrylmagy halkara adam hukuklary kadalaryna düýpden gabat gelmeýär we ony kanunlarda saklamaklyk Özbegistanda LGBT adamlary üçin gorky we duşmançylyk gurşawyny döredýär" - diýip, HRW guramasynyň Ýewropa we Merkezi Aziýa bölüminiň müdiri Hugh Williamson aýtdy.

Özbegistan goňşy Türkmenistan bilen bilelikde bir jynsly gatnaşyklary resmi taýdan jenaýat hasaplaýan iň soňky sowet respublikalarydyr. Jyns azlyklar henizem regionda berk ornaşan sosial gadagançylyklar bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar.

XS
SM
MD
LG