Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

TOPH we Keystone taslamalarynyň biri-birine dahyly ýok - Reuters Fakt barlag topary


Käbir amerikan media serişdeleri we sosial media hasaplary Baýden administrasiýasyny "Talibanyň gaz geçirijisine" ýardam bermekde aýyplap, TOPH gaz geçirijisini “Taliban gaz geçirijisi” atlandyrdy
Käbir amerikan media serişdeleri we sosial media hasaplary Baýden administrasiýasyny "Talibanyň gaz geçirijisine" ýardam bermekde aýyplap, TOPH gaz geçirijisini “Taliban gaz geçirijisi” atlandyrdy

Käbir amerikan media serişdeleri Baýden administrasiýasynyň TOPH gaz geçirijisini goldaýandygyny aýdyp, bu goldawy ABŞ-da "Keystone XL" taslamasynyň ýatyrylmagy bilen ilteşdirýär. Reuters habar agentliginiň Delil barlag topary (Fact Check Team) bu iki taslamanyň biri-birine dahylsyzdygy barada maglumat çap etdi.

ABŞ hökümeti Türkmenistan - Owganystan - Pakistan - Hindistan (TOPH) taslamasyny üç onýyllygyň dowamynda goldap gelýär, ýöne onuň turbageçirijiniň ahyrky gurluşygyna täsiri ýok.

“ABŞ munuň üçin serişde ibermeýär we ol ylalaşykda tarap bolup çykyş etmeýär. Bu taslama 'Keystone' bilen baglanyşykly däl” diýip, Reutersiň Delil barlag topary ýazýar.

ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýden TOPH turba geçirijisini prezident hökmünde aç-açan goldap çykyş etmedi.

"Keystone" turba geçirijisi Kanadanyň Alberta welaýatyndan ABŞ-nyň Nebraska ştatyna gündelik 830 müň barrel çig nebit ibermäge niýetenendir.

Baýden ýanwarda wezipä girişende, ol "Keystone" turba geçiriji taslamasynyň rugsadyny ýatyrdy. Onuň ýatyrylmagy Baýden administrasiýasynyň howanyň üýtgemeginiň öňüni almak tagallalary bilen esaslandyryldy.

6-njy fewralda “Taliban” wekiliýetiniň Aşgabada sapar edip, TOPH taslamasynyň howpsuzlygyna goldaw beýan etmeginden soňra, käbir amerikan media serişdeleri bu saparyň guramaçylygyna ABŞ-nyň ýardam berip-bermändigini sorag astyna aldy.

"ABŞ Talibanyň fewralda Türkmenistana eden saparynda hiç hili rol oýnamady we gepleşikler barada kommentariýa berip bilmeýär. ABŞ hökümeti TOPH taslamasyna hiç hili göni maliýe goldawyny üpjün etmeýär" diýip, Reuters ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň metbugat wekiliniň elektron hatyny sitirleýär.

Käbir amerikan media serişdeleri we sosial media hasaplary Baýden administrasiýasyny "Talibanyň gaz geçirijisine" ýardam bermekde aýyplap, TOPH gaz geçirijisini “Taliban gaz geçirijisi” atlandyrdy hem-de "Keystone" taslamasyny ýatyrmak bilen Baýden administrasiýasyny amerikan ilaty üçin ençeme iş orunlaryna böwet bolmakda aýyplady.

Uzynlygy 1840 kilometre barabar boljak TOPH gaz geçirijisi arkaly Türkmenistan ýylda 33 milliard kub metr tebigy gazy Owganystana, Pakistana we Hindistana ibermegi maksat edinýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň gizlinligini doly kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG