Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Hytaý uýgurlara çemeleşme üstündäki dawada Angliýa garşy ar alyş sanksiýalaryny yglan etdi


Waşington. Uýgurlar Ak tamyň öňünde ýygnanyp, hytaý emeldarlaryna garşy sanksiýa girizilmegine çagyrýar. 21-nji iýun, 2020.
Waşington. Uýgurlar Ak tamyň öňünde ýygnanyp, hytaý emeldarlaryna garşy sanksiýa girizilmegine çagyrýar. 21-nji iýun, 2020.

Aktiwistler we käbir günbatar syýasatçylary Hytaýy uýgurlara garşy adam gynamak, zorlamak we önelgesiz etmek ýaly zulumlary ulanmakda aýyplaýar. Hytaý bildirilen aýyplamalary inkär edip, öz lagerleriniň hünär tälimlerini berýändigini we ekstremizme garşy göreşmek üçin zerurdygyny nygtady.

Hytaý Pekiniň musulman uýgur azlyklaryna çemeleşişi babatda "betpygyllyk bilen ýaýradylýan ýalanlar we dezinformasiýa "diýýäni sebäpli Birleşen Patyşalykdaky guramalara we şahslara garşy sanksiýalary yglan etdi.

Hytaýyň Daşary işler ministrliginiň 26-njy martdaky beýanatynda dört gurama we dokuz adama, şol sanda britan kanun çykaryjylaryna garşy sanksiýa girizilendigi aýdylýar. Bu çäre Hytaýyň demirgazyk-günbataryndaky Sinjiaň sebitinde dörän adam hukuklary ýagdaýy bilen baglanyşykly ýygjamlaşýan diplomatik çekişmeleriň arasynda edilen soňky göçüm boldy.

Ministrlik öz beýanatynda Angliýanyň ýakynda Hytaýa garşy girizen sanksiýalaryny tutaryk edindi.

"Bu çäre, ýalan maglumatlardan we dezinformasiýadan başga hiç zada esaslanman, halkara hukugyny we halkara gatnaşyklaryny düzgünleşdirýän esasy kadalary aç-açan bozýar, Hytaýyň içerki işlerine düýpli gatyşýar we Hytaý-Birleşen Patyşalyk gatnaşyklaryna düýpli zyýan ýetirýär" diýip, beýanatda aýdylýar.

Hytaý öz milli özygtyýarlylygyny, howpsuzlygyny we ösüş bähbitlerini goramak meselesinde tutanýerlidir diýip, beýanatda nygtalýar we Angliýa “nädogry ýoldan gitmezlik barada" duýduryş berilýär, bolmasa Hytaýyň mundan beýläk hem "aýgytly reaksiýa görkezjekdigi" aýdylýar.

Sanksiýa girizilen taraplaryň we olaryň ýakyn maşgala agzalarynyň Hytaýa, şol sanda Hoňkoňa we Makao girmegi gadagan edilýär, olaryň bu ýurtdaky emläkleri doňduryldy we Hytaý raýatlaryna we edaralaryna olar bilen işleşmek gadagan edildi.

Bu göçüm ABŞ, Ýewropa Bileleşigi, Angliýa we Kanada tarapyndan Sinjiaňdaky uýgur musulman azlyklarynyň adam hukuklarynyň bozulmagy sebäpli Pekine garşy girizilen sanksiýalar toplumyndan ar alyş çäresi bolup durýar. Pekin ÝB garşy eýýäm ar alyş sanksiýalaryny ulanypdy.

Aktiwistler we BMG-niň hukuk hünärmenleri azyndan 1 million uýgur we beýleki musulman azlyklarynyň Sinjiaň lagerlerinde bendilikde saklanandygyny aýdýarlar.

Aktiwistler we käbir günbatar syýasatçylary Hytaýy uýgurlara garşy adam gynamak, zorlamak we önelgesiz etmek ýaly zulumlary ulanmakda aýyplaýar. Hytaý bu zulumlar babatda bildirilen aýyplamalary ençeme gezek inkär etdi we öz lagerleriniň hünär tälimlerini berýändigini we ekstremizme garşy göreşmek üçin zerurdygyny nygtady.

Newcastle uniwersitetiniň uýgurlar meselesi boýunça hünärmeni Jo Smit Finli twitterde garşysyna sanksiýa yglan edilen adamlaryň biri hökmünde reaksiýa bildirdi.

"Görnüşinden, HHR (Hytaý) hökümeti maňa garşy # Sinjiaňdaky # Uýgur pajygasy barada hakykaty aýdanym we wyždanymyň barlygy üçin sanksiýa girizipdir". "Goý, şeýle bolsun. Men pikirimi aýdanyma ökünemok we susdurylmaryn" diýip, Finliniň twitinde aýdylýar.

XS
SM
MD
LG