Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkiýe Hytaýyň uýgur azlygyna çemeleşişini "adamzat üçin masgaraçylyk" atlandyrýar


Hytaý. Urumçydaky metjitde juma namazyna gatnaşýan uýgurlar. 2014 ý.
Hytaý. Urumçydaky metjitde juma namazyna gatnaşýan uýgurlar. 2014 ý.

Türkiýe Hytaýyň öz türk musulman uýgur azlygyna çemeleşişini “adamzat üçin ullakan masgaraçylykly iş” hökmünde ýazgaryp çykyş etdi.

Türkiýäniň Daşary işler ministrliginiň sözçüsi Hami Aksoý 9-njy fewralda Hytaýyň 1 milliondan gowrak uýgury uzak-günbatar Sinjiaň sebitindäki “konsentrasiýa lagerlerinde” eden-etdilikli tussag edip saklaýandygy bilinýän fakt diýdi.

"1 milliondan gowrak [uýguryň] eden-etdilikli ýagdaýda tussag edilendigi, olaryň içerki lagerlerde we türmelerde gynamalara, syýasy “pikir üýtgetmelerine” sezewar edilendigi hiç kim üçin syr däl” diýip, Hami Aksoýuň beýanatynda aýdylýar.

Şeýle-de Aksoý Türkiýäniň uýgur şahyry we sazandasy, bir aýdymy üçin sekiz ýyl türme tussaglygyna höküm edilen Abdurehim Heýidiň türmede tragiki ýagdaýda ölendigini anyklandygyny aýtdy.

Aksoý günbatar Hytaýdaky uýgur ilatynyň basyş we “sistematiki assimilýasiýa” bilen ýüzbe-ýüz bolýandygyny nygtady.

Hytaýyň Ankaradaky ilçihanasy Aksoýuň aýdýan zatlaryny “düýpden kabul ederliksiz” diýip häsiýetlendirdi.

BMG-niň ekspertler topary geçen ýyl bir milliona golaý uýguryň we beýleki türki dilli azlyklaryň Hytaýyň Sinjiaňdaky "konsentrasiýa lagerlerinde" saklanylýandygy hakynda hasabat çap etdi.

Olar ýene millionlarça adamyň gaýtadan terbiýeleýiş lagerlerinde ýerleşdirilendigini öňe sürdüler.

Pekin “hünärler boýunça bilim merkezleriniň” adamlaryň terrorçylykdan çetleşmegine we jemgyýete gaýtadan goşulmagyna ýardam berýändigini aýdýar.

Hytaýda 15 million çemesi hasaplanylýan uýgur azlygy Pekin häkimiýetleriniň özlerine çemeleşmesinden uzak wagt bäri şikaýat edýär.

ABŞ-nyň iki partiýadan bolan senatorlar topary ýanwaryň aýagynda, goldaw görkezmek üçin, uýgur asylly hytaý alymy, tussaglykda saklanylýan Ylham Tohtini Nobel parahatçylyk baýragyna hödürledi.

XS
SM
MD
LG