Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan Halk Maslahatynyň agzalaryny saýlap aldy


Türkmenistan illýustrasiýa suraty
Türkmenistan illýustrasiýa suraty

Türkmenistan, milli geňeşiň ýokarky öýi Halk Maslahatynyň agzalaryny saýlamak üçin ilkinji ses berişligini geçirdi.

Saýlawlar göni bolmadyk görnüşde gizlin ses berişlik arkaly welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň halk maslahatlarynyň mejlislerinde geçirildi.

Resmi maglumatlara görä, degişli saýlaw komissiýalary tarapyndan hasaba alnan 231 adam saýlawlara gatnaşypdyr. Ahal welaýatynda 37, Balkanda 39, Daşoguzda 39, Lebapda 38, Maryda 39 we Aşgabat şäherinde 39 adam ses beripdir.

Türkmenistanyň döwlet habar gullugy (TDH) Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlanmagynyň bäsdeşlik esasynda geçirilendigini habar berdi - Merkezi saýlaw komissiýasy tarapyndan hasaba alnan 112 kandidat 48 orun ugrunda bäsleşipdir, olara deň mümkinçilikler berlipdir. Şeýlelik bilen, bir ýer üçin 2-3 kandidat dalaş edipdir.

Saýlaw prosesine diňe ýerli synçylar gözegçilik etdi.

Syýasy partiýalardan, jemgyýetçilik guramalaryndan, raýat toparlaryndan we hödürlenen kandidatlardan 440 milli synçy gözegçilik etdi, gözegçilik "garaşsyz" boldy we synçylar saýlawlaryň "aç-açan we kanuna laýyklykda geçirilmegini üpjün etdiler" diýlip, resmi maglumatda aýdylýar.

Garaşsyz synçylar şu çaka çenli Türkmenistanda geçirilen hiç bir saýlawa garaşsyz we adalatly diýip baha bermändi.

Türkmenistanyň parlamentini iki öýli kanun çykaryjy organa öwürmek karary geçen ýylyň sentýabr aýynda Konstitusiýa girizilen üýtgetmelere laýyklykda gelnipdi.

XS
SM
MD
LG