Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Türkmen raýaty Lwow bilen Stambulyň "arasynda" galdy


Stambulyň aeroporty

Türkmenistanyň ýene bir raýaty Stambulyň howa menzilinde kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz boldy. Bu barada 29-njy martda Adam Hukuklary boýunça Türkmen Helsinki fondy(THF) habar berdi.

"27-nji martda THF 'Kömek ediň, ýagdaýdan çykalga tapyp bilemok. Birnäçe gün bäri howa menzillerinde ýatýaryn, hiç bir ýurt meni kabul etmeýär. Iki gün öň Türkiýeden Ukraina geldim we Lwowyň aeroportunda galdym ... ' diýen habar gelip gowudy diýip, düýbi Bolgariýada ýerleşýän adam hukuklaryny goraýjy gurama aýdýar.

Maglumata görä, Türkmenistanyň raýaty O. Ç. 21 ýaşynda. Ol Türkiýede wagtlaýyn ýaşamak üçin rugsadyny uzaltmak üçin iki günlük Ukraina barýar we soň ýene Türkiýä dolanmak kararyna gelýär. Emma ol Lwowdan uçarly Stambula baranda ýene-de Lwowa gaýtarylýar.

"Bilşimiz ýaly, 2018-nji ýylda O.Ç. iş wizasy bilen Stambula bardy. 2020-nji ýylda oňa inçekesel diagnozy goýuldy, gyz türk lukmanlary tarapyndan bejerildi we lukmançylyk gözleglerine görä, 8 aýdan soň sagaldy" diýlip maglumatda aýdylýar we onuň iş wizasynyň möhletiniň dolýandygy sebäpli Türkiýeden çykyp, soň ýene gaýtadan barmaly bolandygy bellenýär.

Üstesine, indi ukrain häkimiýetleri onuň wizasynyň diňe ýekeje gezek girmäge hukuk berýändigini aýdyp, ony ýurda salmakdan ýüz öwürýärler. Lwowyň aeroportunda ony kiçijik bir otagda saklaýarlar, hiç hili kömek bermeýärler we howa menziliniň işgärleriniň aýdyşy ýaly onuň "Minske ugradylmagy has ähtimal" diýip, THF habar berýär we häzirki wagtda bir türk aklawçynyň gözlenýändigini, sebäbi Türkmenistanyň raýatynyň inçekesel sanawynda galýandygyny we şu sebäpden Türkiýä girmeginiň gadagan edilýändigini habar berýär.

Türkmenistanyň raýatlary daşary ýurtlara gidenlerinde yzygiderli kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar. Şu aýda, 27 ýaşly türkmen raýaty Rozgeldi Çöliýew üç hepde Moskwanyň aeroportunda boldy we soň Türkiýä deportasiýa edildi. Türkmen häkimiýetlerini aç-açan tankytlamagy bilen tanalýan Çöliýew 2-nji martda Türkiýeden Orsýete baranda Moskwanyň aeroportunda saklanypdy. Çöliýew Orsýetden gaçybatalga sorapdy.

Pandemiýa döwründe Türkmenistanyň on müňlerçe raýaty Türkmenistana barmak mümkinçiliginden mahrum bolup, dürli ýurtlarda, şol sanda Türkiýede galýarlar. Köpler pasportlary we wizalary almak we täzelemek meselesinde kynçylyklara duçar bolýarlar.

Açyk Söhbet: Türkiýedäki türkmenistanlylar we pasport meselesi
please wait

No media source currently available

0:00 0:16:53 0:00

Rus dilinde hem okaň

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Teswirleri gör

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG