Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Orsýet türkmenistanly aktiwist Rozgeldi Çöliýewe başpena bermekden ýüz öwürdi


Rozgeldi Çöliýew

Orsýet türkmenistanly aktiwist Rozgeldi Çöliýewe başpena bermekden ýüz öwürdi. Adam hukuklaryny goraýjylaryň maglumatlaryna görä, 2-nji martdan bäri Moskwanyň Şeremetýewo aeroportunda oturan Çöliýew 23-nji martda öýlän Stambula barýan uçara mündürilipdir.

"Sagat 13:27-de Rozgeldi özüni uçara alnyp barylýandygyny habar berdi. 14:39-da uçaryň içinden surat iberdi" diýip adam hukuklaryny goraýjy "Memorial" guramasynyň Merkezi Aziýa boýunça programmasynyň müdiri Witaliý Ponomarew 23-nji martda Azatlyga habar berdi.

Ponomarýowyň sözlerine görä, Orsýet Rozgeldi Çöliýewe bosgunlyk statusyny bermezlik hakynda 22-nji martda karar çykarypdyr. 23-nji martda irden graždan geýimli iki adam türkmen aktiwistiniň ýanynda bolupdyr. Olar Çöliýewe özleriniň karara garaşýandygyny aýdypdyr.

12-nji martda Rozgeldi Çöliýewe Orsýetde üç aý möhlet bilen wagtlaýyn gaçybatalga berlendigi mälim bolupdy. "Memorial" guramasy Çöliýewiň işini alyp barýan aklawçysy Roza Magomedowanyň 11-nji martdaky beren maglumatyna salgylanyp, Orsýetiň Içeri işler ministrliginiň Migrasiýa gullugynyň resmileriniň türkmen aktiwistiniň gaçybatalga baradaky arzasyny kabul edendiklerini mälim edipdi.

Türkmen häkimiýetlerini aç-açan tankytlamagy bilen tanalýan 27 ýaşly Rozgeldi Çöliýew 2-nji martda Türkiýeden Orsýete baranda aeroportda saklanypdy. Şondan bir hepde töweregi wagt geçensoň Moskwanyň aeroportunda daşary çykarylman saklanan Çöliýew Orsýetiň prezidentine kömek sorap ýüzlendi. Onuň wideo çykyşy 7-nji martda adam hukuklaryny goraýjy Türkmen Helsinki fondy tarapyndan YouTube-da çap edildi.

"Türkmenistanyň Hronikasy" neşriniň 23-nji martda çap eden habaryna görä, 21-nji martda Şeremetýewo aeroportunda oturan türkmen aktiwisti Rozgeldi Çöliýewe goldaw bildirmek üçin söweş sungatynyň meşhur ussatlary Dagystandan Zabit Magometşaripow we Karaçaý Çerkessiýadan Magomet Ismailow barypdyr. Türgenler Çoliýewiň ýagdaýy barada internetdäki habarlardan bilipdir diýip, neşir belleýär.

Dekabr aýynda adam hukuklaryny goraýjy "Memorial" merkezi we Türkmen Helsinki Fondy Orsýetiň Karaçaý-Çerkess regionynyň uniwersitetiniň studenti Rozgeldi Çöliýewe YouTube-da türkmen hökümetini "tankyt edendigi" üçin azar berlendigini habar beripdi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG