Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Adam hukuklaryny goraýjylar aeroportda galýan türkmen aktiwisti barada rus häkimiýetlerine ýüzlendiler


Moskwanyň Şeremetýewo aeroporty (illýustrasiýa suraty)
Moskwanyň Şeremetýewo aeroporty (illýustrasiýa suraty)

8-nji martda agşam dürli ýurtlardan bolan adam hukuklaryny goraýjy guramalarynyň bäşisi Russiýa Federasiýasynyň FSB serhet gullugynyň başlygy, goşun generaly Wladimir Kulişowa ýüz tutup, türkmen blogçysy Rozgeldi Çöliýewiň başpena soramagy üçin mümkinçilik döretmegi haýyş etdi. "Memorial" adam hukuklaryny goraýjy merkez, Adam Hukuklary Guramasy, Adam Hukuklary boýunça Halkara Partnýorlygy guramasy, Türkmen Helsinki Fondy we Adam Hukuklary boýunça Türkmen Inisiatiwasy tarapyndan gol çekilen ýüzlenmäniň nusgalary Orsýetiň Daşary işler ministrliginiň we Içeri işler ministrliginiň ýolbaşçylaryna hem ugradyldy. Bu barada 9-njy martda "Memorial" merkezi habar berdi.

Ynsan hukuklaryny goraýjy aktiwistleriň habar bermegine görä, 9-njy martda serhetçiler 2-nji martdan bäri Moskwanyň Şeremetýewo howa menziliniň halkara zolagynda galýan Çöliýewe ýolbaşçylardan göni görkezmeler bolmasa, onuň arzalarynyň hiç birini migrasiýa gullugynyň wekillerine bermejekdiklerini habar beripdirler.

Serhet gullugynyň işgärleri bir hepde bäri Çöliýewden Orsýetden gaçybatalga sorap ýazan arzasyny kabul etmekden ýüz öwürýärler. Russiýa Federasiýasynyň "Bosgunlar barada" kanunynyň 4-nji maddasyna görä, serhetçiler onuň arzasyny Içeri işler ministrliginiň migrasiýa gullugyna geçirmeli, tessine olar türkmen raýatyny Orsýeti terk etmäge mejbur edýärler. Içeri işler ministrliginiň wekilleri bolsa, bu ýagdaýy çözmekden umuman çekildiler diýip, "Memorial" ýazýar.

Türkmenistanyň raýaty, türkmen häkimiýetlerini köpçülikde tankytlamagy bilen tanalýan 27 ýaşly Rozgeldi Çöliýew 2-nji martda Stambuldan geleninden soň Moskwanyň Şeremetýewo aeroportunda tussag edilipdi. 7-nji martda Çöliýew YouTube-da Orsýetiň prezidenti Wladimir Putine Russiýa Federasiýasynda syýasy gaçybatalga almakda kömek sorap wideo ýüzlenmesini ýerleşdirdi.

Ynsan hukuklaryny goraýjylaryň Orsýetiň häkimiýetlerine eden bilelikdäki ýüzlenmesinde Çöliýewiň internetde çap eden maglumatlary sebäpli onuň Türkmenistandaky garyndaşlarynyň yzarlanýandygy aýdylýar.

"Bosgunlaryň ýagdaýy boýunça 1951-nji ýylyň konwensiýasynyň gatnaşyjysy hökmünde Russiýa Federasiýasy oňa Orsýetiň kanunlarynda göz öňünde tutulan tertipde şeýle arzany tabşyrmaga mümkinçilik döretmeli. BMG-niň Bosgunlar boýunça baş komissarynyň edarasynyň düşündirişine görä, pandemiýa gaçybatalga gözleýän adamlary geçirmezlik we olary başpena almakdan mahrum etmek üçin bahana hökmünde ulanylmaly däl" diýilip, adam hukuklaryny goraýjy halkara guramalaryň rus häkimiýetlerine ýollan hatynda aýdylýar.

Adam hukuklaryny goraýjylar Çöliýewiň Orsýetde ýaş ogly bilen ýanýoldaşynyň ýaşaýandygyny belläp, meseläniň gumanitar tarapyny göz öňünde tutmagy haýyş edýärler.

Soňky bir hepdäniň dowamynda Çöliýewiň meselesi boýunça şikaýatlar Orsýetiň Içeri işler ministrligine, Serhet gullugyna we Ombudsmeniň adam hukuklary boýunça edarasyna iberildi. Şeýle-de bolsa, şu wagta çenli häkimiýetlerden hiç hili reaksiýa ýok diýlip, “Memorialyň” maglumatynda aýdylýar.

Guramanyň habaryna görä, Çöliýew birnäçe günden bäri açlyk çekýär we rus resmileri ony ýurdy terk etmäge mejbur etmek üçin kömek bermekden ýüz öwürýärler. Şeýle hem hasabatda soňky günlerde Çöliýewiň işiniň halkara derejesinde has köp ünsi çekendigi bellenýär.

Rus dilinde hem okaň

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG