Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýran ABŞ sanksiýalaryny doly ýatyrmasa, urany 20% baýlaşdyrmagyny 'bes etmejekdigini' aýdýar


Eýranyň Natanz urany baýlaşdyrmak desgasyndaky sentrifugalar
Eýranyň Natanz urany baýlaşdyrmak desgasyndaky sentrifugalar

Tähran ABŞ tarapyndan girizilen sanksiýalar doly aradan aýrylmasa, onda urany 20% möçberinde baýlaşdyrmak işlerinden el çekmejekdigini aýtdy. Bu barada döwlet telewideniýesi atlandyrylmadyk bir resmä salgylanyp maglumat berdi.

Mundan öň, ABŞ mediasynda Waşingtonyň Eýranyň ýadro programmasy meselesi boýunça petige dirän gepleşikleri ilerletmek üçin, täze teklibi hödürlemäge taýýarlanýandygy barada maglumatlar peýda bolupdy.

Eýranyň döwlet telewideniýesinde 30-njy martda efire berlen gepleşikde ýokary derejeli resmi eger-de ABŞ ähli sanksiýalaryny ýatyrmasa, onda Tähranyň 2015-nji ýylda dünýäniň iri döwletleri bilen baglaşylan ýadro ylalaşygynyň şertlerinden mundan beýläk hem el çekmegini dowam etdirjekdigini duýdurdy.

ABŞ prezidenti Jo Baýdeniň administrasiýasy taraplaryň ählisini-de halkara ýadro ylalaşygynyň şertlerini berjaý etmegi üçin, Eýrany gepleşiklere başlatmak ugrunda tagalla edýär.

Bu ylalaşyk Eýrana öz ýadro programmasyny jylawlamagyň ýerine sanksiýalardan boşamak mümkinçiligini beripdi. Eýran öz ýadro programmasynyň diňe raýat maksatlary üçin gönükdirilendigini öňe sürýär.

ABŞ-nyň Baýdenden ozalky prezidenti, Donald Tramp, 2018-nji ýylyň maýynda Eýran we düýäniň iri döwletleri bilen baglaşylan ýadro ylalaşygyndan çykdy we Tährana garşy sanksiýalary ýaňadandan girizdi.

Eýran muňa jogap edip, ylalaşygyň çäklerinde öz üstüne alan käbir borçnamalaryndan el çekip başlady.

XS
SM
MD
LG