Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Birnäçe ýurt COVID-19 ýokanjynyň gelip çykyşy bilen bagly barlaglar boýunça alada beýan edýär


Koronawirus keseliniň gelip çykyşy boýunça BSG-Hytaý bilelikdäki barlag netijelerine bagyşlnanan metbugat konferensiýasyndan bir pursat. Wuhan, Hytaý. 9-njy fewral, 2021 ý.
Koronawirus keseliniň gelip çykyşy boýunça BSG-Hytaý bilelikdäki barlag netijelerine bagyşlnanan metbugat konferensiýasyndan bir pursat. Wuhan, Hytaý. 9-njy fewral, 2021 ý.

Bütindünýä Saglyk Guramasynyň (BSG) barlagçylary ýokanjyň gelip çykyşy boýunça hytaý hünärmenleri bilen geçiren barlaglarynyň netijelerini çap edenden soňra, ABŞ we ýene 13 ýurt Hytaýy keseliň asyl döreýşi baradaky ähli maglumatlara “doly elýeterliligi” üpjün etmäge çagyrdy.

Ýurtlar barlaglar boýunça “umumy alada” beýan etdiler we beýannamada COVID-19 pandemiýasynyň gelip çykyşynyň "päsgelçiliksiz we bikanun täsirlerden azat" aç-açan we garaşsyz derňelmegini goldaýandyklaryny mälim etdiler.

Şeýle-de, ýurtlar geljekde ýüze çykyp biljek epidemiýalary halkara seljermek üçin aç-açan we ylma esaslanýan prosesi ösdürmekde hyzmatdaşlygyň möhümdigini aýtdylar.

Beýanata Awstraliýa, Kanada, Çehiýa, Daniýa, Estoniýa, Ysraýyl, Ýaponiýa, Latwiýa, Litwa, Norwegiýa, Koreýa Respublikasy, Sloweniýa, Angliýa we ABŞ hökümetleri gol çekdi.

XS
SM
MD
LG