Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Germaniýa, Fransiýa Pasha baýramçylygynda işleýän saýtlar bilen sanjymlary çaltlaşdyrdy


Germaniýa waksinasiýa planlaryny çaltlaşdyrmak ugrunda tagalla edýär.
Germaniýa waksinasiýa planlaryny çaltlaşdyrmak ugrunda tagalla edýär.

Ýewropanyň COVID-19 waksinasiýa planlaryny çaltlaşdyrmak maksadynyň çäginde Germaniýanyň ýaragly güýçleri tarapyndan dolandyrylýan ilkinji sanjym merkezi gije-gündiziň dowamynda işläp başlady, Fransiýada Pasha baýramçylygynda 9000 töweregi adama sanjym etmek üçin ullakan stadion açyldy.

Germaniýanyň Goranmak ministrliginiň Twitterde ýazmagyna görä, bundesweryň Saarland ştatynyň Lebah şäherindäki waksinasiýa merkezine 110 töweregi esger iberilipdir we olar dynç günlerinde üç smenada işläpdir.

Döwletiň beýleki sanjym merkezleri Pasha baýramçylygynda, şol sanda Pasha ýekşenbesinde açykdy.

Fransiýanyň stadionynda sanjym merkezi hem Pasha baýramçylygynda we dynç günleri işledi.

Hökümet sanjym işini tizleşdirýän wagtynda, müňlerçe adam sanjym almak üçin Fransiýanyň töweregindäki beýleki desgalarda hatara düzüldi.

Fransiýada we Germaniýada waksinasiýany tizleşdirmek boýunça häzirki tagallalar dekabr aýynyň ahyrynda, garrylar öýlerine gönükdirilen sanjymlaryň baryşyndan çürt-kesik tapawutlanýar.

XS
SM
MD
LG