Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ, Ukraina goldaw nyşany hökmünde, Gara deňze harby gämilerini iberip biler


Ukraina. NATO gämileri Gara deňizde türgenleşik geçirýär.
Ukraina. NATO gämileri Gara deňizde türgenleşik geçirýär.

ABŞ Ukraina goldaw nyşany hökmünde Gara deňze söweş gämilerini ibermek mümkinçiligine seredýär. CNN bu maglumaty ABŞ-nyň Goranmak ministrligine salgylanyp berdi.

Pentagonyň metbugat sekretary teleýaýlym bilen söhbetdeşlikde Amerikan deňiz flotunyň gämileriniň Gara deňizde häzirem bardygyny aýtdy. Onuň sözlerine görä, goşmaça gämileriň ýerleşdirilmegi Orsýet üçin ABŞ-nyň gündogar Ukrainada bolup geçýän wakalara ýakyndan gözegçilik edýändigini görkezýän ýörite yşarat bolar.

CNN, 1936-njy ýyldaky konwensiýa laýyklykda, gämileriň Bosfor we Dardanel bogazlaryndan geçmeginden iki hepde öň Waşingtonyň bu barada Türkiýä habar bermelidigini belleýär.

Şol bir wagtyň özünde, Gara deňiz döwletleriniň harby gämileriniň umumy agramy 30 müň tonnadan geçmeli däldir. CNN-ň habarynda bu ýagdaýlar barada Ankara habar berilendigi barada maglumat ýok.

Şeýle-de, Goranmak ministrliginiň metbugat sekretary ABŞ-nyň halkara giňişliginde gözleg uçuşlaryny dowam etdirjekdigini we rus flotunyň Gara deňizdäki goşunyna we anneksiýa edilen Krymdaky goşunlara gözegçilik etjekdigini aýtdy.

Harbylaryň pikiriçe, Waşington entek rus goşunlarynyň Ukraina bilen serhet ýakasynda ýerleşdirilmegini hüjüme görülýän taýýarlyk hasaplamaýar.

ABŞ-nyň Russiýanyň Ukraina bilen serhet ýakasyndaky hereketlerinden alada galýandygyny Ak tamyň metbugat sekretary Jen Psaki hem aýtdy.

XS
SM
MD
LG