Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

“Talyban” Türkiýedäki sammite gatnaşmaga taýýar däldigini aýdýar


"Talybanyň" wekilleri 18-nji martda Moskwada geçirilen konferensiýa gatnaşýarlar.
"Talybanyň" wekilleri 18-nji martda Moskwada geçirilen konferensiýa gatnaşýarlar.

“Talyban” Owganystan boýunça 16-njy aprelde Türkiýede geçmeli halkara parahatçylyk konferensiýasyna gatnaşmaga taýýar däldigini aýtdy.

“Talybanyň” Katardaky syýasy edarasynyň metbugat wekili Mohammad Naimiň 12-nji aprelde Azatlyk Radiosyna aýtmagyna görä, jeňçi topar soňky senelerde geçjek sammite gatnaşyp-gatnaşmazlyk baradaky karary hem entek kabul etmändir. Naim jeňçi toparynyň häzirki hereketine düşündiriş bermedi.

Bu ABŞ-nyň Owganystandaky onlarça ýyl bäri dowam edýän urşy togtatmak maksady bilen, owgan hökümeti bilen “Talybanyň” arasynda parahatçylyk ylalaşygyny baglaşdyrmak ugrundaky tagallalaryna urgy boldy.

Stambul konferensiýasy geçen sentýabrda başladylan owganara gepleşiklerine täze itergi bermek üçin, Birleşen Ştatlar tarapyndan guramalaşdyrylypdy.

10 günlük konferensiýa owgan hökümetiniň, “Talybanyň”, regional güýçleriň, şol sanda Pakistanyň, Eýranyň, Hindistanyň, Hytaýyň we Russiýanyň wekilleri hem gatnaşmalydy.

Sammiti Owganystandan ähli daşary ýurt güýçlerini çykarmak boýunça kesgitlenen 1-nji maý möhletinden irki senelerde geçirmek göz öňünde tutulypdy. Bu 2020-nji ýylda ABŞ-nyň ozalky prezidenti Donald Trampyň administrasiýasy bilen “Talybanyň” arasynda baglaşylan ikitaraplaýyn ylalaşygyň esasy şertleriniň biridi.

XS
SM
MD
LG