Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Eýran ýadro desgasyna edilen hüjüme jogap edip, has arassa uran öndürjegini aýdýar


Eýran. Natanz, uran baýlaşdyrýan desganyň enjamlary (sentrifugalalary). Arhiw suraty

Gürrüňi edilýän we häzire-bu güne çenli anyklaşdyrylmadyk hüjümiň jogapkärçiligini hiç kim öz üstüne almasa-da, Eýranyň uran baýlaşdyrmak programmasynyň merkezi bolan ýerasty Natanz desgasynda täze uran baýlaşdyryjy enjam açylanyndan bir gün soň ýüze çykan hüjüm esasan Ysraýyldan görülýär.

Eýran ýurduň esasy ýadro desgasyna, Natanz merkezine edilendigi aýdylýan hüjümiň yzysüre, indiki hepde 60%-e çenli saplykda baýlaşdyrylan urany öndürmäge başlajakdygyny aýtdy. Tähran bu hüjümi özüniň sebitdäki ganym duşmany Ysraýylyň işi hasaplaýar.

Eýranyň BMG-niň ýadro gözegçilik guramasyndaky, Halkara atom energiýasy gullugyndaky (HAEG) wekili 14-nji aprelde twit ýazyp, ýurduň Natanzda urany 60%-e çenli baýlaşdyrmak üçin döwrebap IR-4 we IR-6 sentrifugalarynyň iki tapgyryny ulanjakdygyny aýtdy.

Urany 60%-e çenli baýlaşdyrmak Eýranyň ýadro programmasynyň gazanan iň ýokary derejesi bolar, emma bu harby maksatlar üçin zerur bolan 90% saplykdan has bärde. Tähran özüniň ýadro gözlegleriniň diňe parahatçylyk maksatlydygyny aýdyp, ýadro ýaraglaryny edinmekçi bolýandygy baradaky çaklamalary birnäçe gezek ret etdi.

"Modifikasiýa, ýütgetme prosesi ýaňy başlandy we indiki hepde önüm alyp başlamaga garaşýarys" diýip, Kazem Gharibabadi ýazdy.

Eýran bu çäräni bir gün öň, uran baýlaşdyrmagy iň ýokary derejä çykarjakdygyny aýdanda mälim etdi. Daşary işler ministri Muhammet Jawad Zarif bolsa, Tähranyň günortasyndaky ýadro merkezine edilendigi aýdylýan hüjümiň "gaty erbet oýun" bolandygyny, onuň 2015-nji ýylda dünýä döwletleri bilen baglaşylan ýadro şertnamasyna gaýtadan serediljek gepleşiklerde Tähranyň elini güýçlendirjekdigini aýtdy.

Gürrüň edilýän ylalaşykda Eýran uran baýlaşdyrmagy 3,67% derejesinde saklamagy wada berdi. Emma soňky wagtlarda, şertnamanyň düzgünleriniň mundan aňryk saklanmajakdygyny aýdyp, urany 20%-e çenli baýlaşdyrmaga başlady.

Ak tam Tähranyň uran baýlaşdyrmagy güýçlendirmek baradaky "öjükdiriji" sözlerine garamazdan, Eýran bilen gepleşiklere ygrarlydygyny aýtdy.

Eýranyň prezidenti Hasan Rohani 14-nji aprelde geçirilen hökümet mejlisinde Ysraýyly nazara alyp, "Siz biziň ellerimiziň gepleşikler wagtynda boş bolmagyny islediňiz, emma biziň ellerimiz doly" diýdi.

"Biz siziň iki eliňizi hem kesdik, olaryň birini IR-6 sentrifugasy bilen, beýlekisini 60% bilen kesdik" diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

IR-6 sentrifugalary urany güman edilýän zyýankeşlik hüjüminde hatardan çykarylan IR-1 birinji nesil sentrifugalaryna garanda has çaltlyk bilen baýlaşdyrýar.

HAEG-nyň baş direktory Rafael Mariano Grossi 13-nji aprelde Eýranyň agentlige ýurduň “60%-e çenli baýlaşdyrylan urany (UF6) öndürip başlamak niýetini aýdandygyny tassyklady.

Metbugat sekretary Jen Psaki žurnalistlere "elbetde, Ak tam bu öjükdiriji bildirişlerden aladalanýar" diýdi. "Biz bu ýerde öňe äkitjek ýodanyň diňe diplomatik ýodadygyna we, gytaklaýyn hem bolsa, çözgüt tapmak üçin maslahatlaşmakdan gowy usulyň ýokdugyna ynanýarys" diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

11-nji aprelde bolandygy aýdylýan hüjüm barada berlen maglumat juda az boldy, onuň netijelerini görkezýän surat hem çap edilmedi.

Eýran resmileri bolan partlamanyň Natanz desgasynda elektrik togunyň kesilmegine getirendigini we Eýranyň ilkinji nesil sentrifugalaryna täsir edendigini, munuň üçin ýurduň "ar aljakdygyny" we ýadro işjeňligini güýçlendirjekdigini aýtdy.

Eýran mejlisiniň ylmy gözleg merkeziniň başlygy Alireza Zakani döwlet telewideniýesine beren interwýusynda “zeper ýeten we hatardan çykan birnäçe müň sentrifuga” hakynda gürrüň etdi.

Gürrüňi edilýän we häzire-bu güne çenli anyklaşdyrylmadyk hüjümiň jogapkärçiligini hiç kim öz üstüne almasa-da, Eýranyň uran baýlaşdyrmak programmasynyň merkezi bolan ýerasty Natanz desgasynda täze uran baýlaşdyryjy enjam açylanyndan bir gün soň ýüze çykan hüjüm esasan Ysraýyldan görülýär. Bu desga HAEG-nyň gözegçileriniň gözegçiligi astynda işleýär.

Şeýle-de, bu hüjüm ABŞ-nyň öňki prezidenti Donald Tramp döwründe ABŞ tarapyndan taşlanan we Ysraýyl tarapyndan berk garşy çykylýan ýadro şertnamasyny dikeltmek ugrundaky diplomatik tagallalaryň güýçlenen wagtynda boldy.

"Eger-de bu hüjüm ýadro gepleşiklerinde Eýranyň elini gowşadar öýdüp pikir eden bolsa, Ysraýyl gaty erbet humar oýnady. Tersine, bu biziň ornumyzy berkitdi" diýip, Zarif 13-nji aprelde eden çykyşynda aýtdy.

Geçen hepde Eýran we dünýä döwletleri Wenada, ÝB beýemçilgi astynda, Waşington bilen Tähranyň arasyndaky düşünişmezlikleri aýyrmak we iki tarapy hem 2015-nji ýyldaky ýadro şertnamasyny doly berjaý etmäge gaýtaryp getirmek üçin konstruktiw, gurujy diýlip häsiýetlendirilen gepleşik geçirdi.

Bu gepleşikler 14-nji aprelde, Awstriýanyň paýtagtynda dowam etdiriler.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG