Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Berdimuhamedow Halk Maslahatynyň başlygy boldy


Gurbanguly Berdimuhamedow

14-nji aprelde Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň başlygy boldy. Bu barada TDH habar berýär.

Döwlet mediasyna görä, Berdimuhamedow bu wezipä Halk Maslahatynyň täze agzalarynyň gizlin ses bermegi arkaly saýlanypdyr.

Döwlet telewideniýesi 14-nji aprelde Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň agzalarynyň birinji çagyryşynyň mejlisiniň geçirilendigini habar berýär. Duşuşyga Berdimuhamedowyň özi ýolbaşçylyk etdi we Halk Maslahatynyň başlyklygyna saýlanylmagyny özi yglan etdi.

Halk Maslahatynyň başlygy bolmak bilen prezident Berdimuhamedow ýurtda hem kanun çykaryjy häkimiýete hem-de ýerine ýetiriji häkimiýete başlyklyk edýär. Türkmenistanda ýerine ýetiriji häkimiýet Ministrler Kabinetidir.

Mejlisiň dowamynda prezident Halk Maslahatynyň ýene sekiz agzasyny belledi.

Prezidentiň permanyna laýyklykda, Kasymguly Babaýew, Guwançmyrat Agaýew, Batyr Orazmämmedow, Dünýägözel Gulmanowa, Mertettagan Taganow, Serdar Gaýypow, Merdan Halknazarow we Çarygeldi Babanyýazow Halk Maslahatynyň agzalygyna bellenildi.

Halk Maslahatynyň agzalarynyň ilkinji saýlawlary 28-nji martda geçirildi we onuň netijesinde 48 agzanyň saýlanandygy habar berildi.

Merkezi saýlaw toparyna görä, soňky saýlawlarda prezident Berdimuhamedow Halk Maslahatynyň agzalygyna dalaş edipdir we saýlawçylaryň 100 göterim sesi bilen agzalyga saýlanypdyr.

Ýöne Türkmenistanyň Konstitusiýasy prezidente Halk Maslahatyna agzalygy we Mejlise deputatlygy gadagan edýär.

Berdimuhamedow Halk Maslahatynyň diňe bir agzalygyna däl, eýsem, kanun çykaryjylaryň täze tapgyrynyň geçiren ilkinji mejlisinde onuň başlyklyklygyna-da saýlanypdyr.

Ýöne Türkmenistanyň Konstitusiýasyna görä, prezident ýarawsyzlyk sebäpli öz wezipesini ýerine ýetirip bilmese, täze prezident saýlanylýança onuň ygtyýarlyklary Halk Maslahatynyň başlygyna berilýär.

Galyberse-de, döwlet mediasyna görä, 14-nji aprelde Halk Maslahatynyň täze binasy açylyp, ulanylmaga berildi.

2020-nji ýylyň sentýabrynda Türkmenistanyň konstitusiýasyna girizilen üýtgetmelere we goşmaçalara laýyklykda Türkmenistanyň parlamenti iki palataly ulgama geçirildi. Halk Maslahaty täze parlamentiň ýokarky palatasy we Mejlis onuň aşaky palatasydyr.

Halk Maslahatynyň agzalarynyň çarşenbe güni geçiren ilkinji duşuşygynda ähli 56 agzanyň ygtyýarlyklary ykrar edildi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG